Şu gün ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdeplerde 2021-2022-nji okuw ýylynyň Soňky jaň dabaralary geçirildi.
Egsilmez şatlyga, ýaş ýürekleriň joşgunyna beslenen Soňky jaň dabaralary ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde-de uly ruhubelentlikde geçirildi. Aýdym-sazly dabaralaryň dowamynda okuwlaryny üstünlikli tamamlan göreldeli uçurymlara Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Soňky jaň dabaralaryna uçurymlaryň ata-eneleri hem gatnaşdylar. Olar dabaralarda çykyş edip, perzentlerine bilim-terbiýe beren mugallymlara tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Şu okuw ýylynda okuwçylaryň Ahal welaýatyndan 9 müň 916-sy, Balkan welaýatyndan 6 müň 989-sy, Daşoguz welaýatyndan 17 müň 718-si, Lebap welaýatyndan 19 müň 400-e golaýy, şeýle-de Mary welaýaty boýunça 18 müň 403-si uçurym bolup, bilim-terbiýe alan mekdepleri bilen hoşlaşýarlar.