Şwesiýada Terrorizme Garşy Göreş Boýunça Konstitutsion Üýtgetme Güýje Girdi

Şwesiýada Terrorizme Garşy Göreş Boýunça Konstitutsion Üýtgetme Güýje Girdi

Beýannamada; “Şwesiýa terror howpuna garşy göreşmek maksady bilen özbaşdak we hyzmatdaş ýurtlar bilen bilelikde ýokary tagalla edýär.Terror, terrordan ýitgi çeken halklarda agyr kynçylyklar döredýär we hem halkara parahatçylyga we howpsuzlyga hem-de milli howpsuzlyga wehim salýar.

Terror, agyr jenaýat bolup durýan etmişleri öz içine alýan we yzgiderli howp salyjy häsýete eýe bolup; demokratiýadan, adam hukuklaryndan erkin peýdalanmagyň we ykdysady hem-de sosial ösüşiň öňündäki iň esasy howplardan biridir” diýilýär.

Býannamada, güýje giren üýtgetmäniň terrorizme garşy göreşde güýçli şert döredýändigi nygtalyp; “Konstitutsion üýtgetme, terror aksiýalaryny guraýan ýa-da terrorizmi goldaýan toparlaryň guramaçylyk azatlygynyň kanun taýdan çäklendirilmegi boýunça şertleriň giňelmegini aňladýar. Bu üýtgetme, kanun çykaryjylar taýdan, mysal üçin terror guramasyna goşulmagy giň çarçuwada jenaýat faktoruna goşmaga we terror guramalaryny gadagan etmegä şert döredýär” diýilýär.

Beýannama Şwesiýanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň sosial media hasabyndan hem ýaýradyldy.

Şwesiýuanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrýom 23-nji dekabrda beren beýannamasynda konstitutsion üýtgetmäniň 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girjekdigini, 7-nji martda bu mowzuk boýunça mejlisiň garamagyna jenaýat kodeksini hödürlejekdiklerini we Şwesiýanyň Jenaýat kodeksinde täze bir jenaýatyň kesgitlenjekdigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Finlýandiýa we Şwesiýa Rus Ilçilerini Daşary Işler Ministrliklerine Çagyrdy
Türkiyäniň daşary işler ministri türkmenistanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň nobatdan daşary maslahaty geçiriler
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä gynanç ýüzlenmeleri gelip gowuşýar
Dünýä liderleri Türkiyä gynanç bildirýärler