Syýahatçylar üçin mugt

Awstriýanyň Insbruk şäheri 2020-nji ýyldan başlap, şähere gelýän syýahatçylaryň jemgyýetçilik ulaglaryndan mugt peýdalanmagyna mümkinçilik döredýär.Bu barada şäheriň syýahatçylyk edarasy habar berýär.Bu düzgün 2020-nji ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.

Bu ýeňillikden Insbruk şäherine iki günlük we şondan köp wagtlyk gelýän myhmanlar peýdalanyp bilerler.Munuň üçin “Welcome Card” atly syýahatçylyk karty berler.Kartyň kömegi bilen jemgyýetçilik ulaglaryna arkaýyn münüp bolar.Awstriýanyň Insbruk şäheri syýahatçylara awtobuslarda we tramwaýlarda mugt gatnamaga mümkinçilik döredýän ilkinji şäher bolar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda we Türkmenabatda ýagan güýçli ýagyş köçelerde we ýerzeminlerde suwlaryň üýşmegine getirdi
Gazana gaçan hekaýalar
Täze awtoban Baýramaly Türkmenabat aralygynda gatnaýan sürüjilere käbir oňaýsyzlyklary wada berýär
Milli Taekwandoçylar Rimde Bäsleşer
Insulin garşlygy bilen göreş
Türkmen konsuly Astrahandaky Kaspi deňiz we derýa ulaglary institutyna bardy
Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlaýar, käşir tapdyrmaýar