Täze galaktika surata düşürildi

Geçen ýylyň ahyrynda uçurylan “James Webb” kosmos teleskopy täze açyşlar edilýär.Teleskopyň kömegi bilen “Messier 74” atly galaktika suraty düşürildi.Başgaça “Phantom” galaktikasy diýlip hem atlandyrylýan “Messier 74” Ýerden 32 million ýagtylyk ýyly uzaklykdaky “Pisces” ýyldyzlar toparynyň arasynda ýerleşýär.

Spiral şekilli bu galaktika ilkinji gezek 1780-nji ýylda Pýer Meçain tarapyndan tapylypdy.Galaktikada häzire çenli 3 sany ýyldyz partlaýyşy bolup geçdi. 2005-nji ýylda geçirilen barlaglaryň birinde galaktikanyň içinde ortaça ululykda gara deşiginiň bardygy görüldi.

ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA), Ýewropa Kosmos Agentligi we Kanada Kosmos Agentligi tarapyndan, jemi 15 ýurduň goldaw bermeginde işlenip taýýarlanan “James Webb” kosmos teleskopy kosmosyň ilkinji emele gelen döwürlerindäki şöhleleri “tutup”, kosmosyň taryhy barada maglumat toplamaga ýardam edýär. Teleskop 2021-nji ýylyň 25-nji dekabrynda galaktika uçurylypdy.

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Kosmosda Gün paneli gurlar
Aýa taryhy gonuş golaýlaýar
Indoneziýadaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Bir serişde mundan soň doping diýlip hasap edilmez
Kanani Çafi: ýadro şertnamasyny dikeltmek hakda çynlakaý päsgelçilik ýok
Täjigistan ýurda geleniňde serhetdäki koronawirus çäklendirmelerini ýene girizýär