Täze geoglif tapyldy

Arheologlar Perunyň Naska belentliklerinden pişigiň şekilini ýatladýan ýene-de bir geoglifi ýüze çykardylar. 37 metr uzynlykdaky şekil depäniň ýapgydyna çekilipdir. Hünärmenler geoglifiň miladydan 100-200 ýyl öň çekilen bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Biziň geoglifleri nädip tapýanlygymyz köpleri gyzyklandyrýar. Soňky ýyllarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen hemme zat aňsatlaşdy. Öň uçaryň üstünden suratlary alýardyk, ýöne indi pilotsyz uçarlaryň kömegi bilen, guşuçar belentlikden hem surata alyp bilýäris diýip, Naska arheologik seýilgähiniň hünärmeni Jonni Isla gürrüň berdi.

1994-nji ýylda Naska geoglifleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.Olaryň hemmesi takmynan, 2000 ýyl ozal döredilipdir.Arheologlar Perunyň Naska belentliklerinden şu mahala çenli ýüze çykarylyp, içgin öwrenilen 50-den gowrak näbelli geoglifleriň käbiriniň gadymy Parakas medeniýetini janlandyrýandygyny anykladylar.

Naskadaky gadymy geometrik şekiller ençeme täsinlikleri özünde saklaýar.Olaryň käbirlerinden haýwanlaryň we ynsanlaryň şekillerini aýyl-saýyl edip bolýar. Şekilleriň käbiriniň uzynlygy 150 metre ýetýär.Olary ilkinji gezek amerikan arheology Pol Kosok 1939-njy ýylda Naska belentliginiň ýokarsyndan uçarda barýarka anyklapdyr.

Häzirlikçe köp sanly barlag geçirijiler Naska medeniýetiniň galdyran şekilleriniň kim tarapyndan we näme maksat bilen çekilendigini anyklap bilmeýärler.

Ýene degişli makalalar

Meksikada başga planetalylaryň galyndylary bilen tanyşdyryldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy, kosmonawt Oleg Kononenko täze missiýa bilen HKS-e ugrady, Kiçi teatryň Aşgabada sapary yza süýşürildi we beýleki habarlar
Rus kosmonawtlar 8 sagat açyk kosmosda boldular
Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkiýä sapar bilen barar, Gorkut Ata kinofestiwalyny geçirmek nobaty Änew şäherine berildi, Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini berdi we beýleki habarlar
Kosmos uçarynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy
371 günden soň kosmosdan gaýdyp geldi
Kosmosda iň uzak galan amerikan astronawty rekordy täzelendi