Täze şähere göçüriler

Dünýäde şäherleşmegiň artmagy bilen täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Şäher ilatynyň aşa köpelmegi netijesinde täze çözgütler taýýarlanýar.Käbir ýurtlar bolsa, paýtagtlaryny başga şähere göçürýärler.Indoneziýa, Müsür, Koreýa Respublikasy, Montserrat adasy we Ekwator Gwineýasy, esasan, ilatyň artmagy bilen bagly sebäplere görä täze paýtagt gurýarlar. Ýokarda agzalan ýurtlaryň we sebitleriň jemi ilaty 430 milliona ýetýär.

Mundan ozal Gazagystan, Pakistan, Braziliýa, Malaýziýa, Nigeriýa we Mýanma paýtagtyny üýtgedipdi.Pakistan 1960-njy ýylda ilatyň artmagy netijesinde paýtagtyny Karaçiden Yslamabada göçüripdi.Ilaty çalt artýan şäher bolan Kairde 2015-nji ýylda hökümet binalaryny, maliýe edaralaryny we ilçihanalaryň binalaryny şäheriň golaýyndaky täze merkeze göçürmek kararyna gelindi.

Bu şäheriň ilatynyň 6 million töweregi boljakdygy bellenilýär.Bu ýerde ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, seýilgähler, ýokary okuw mekdepleri we halkara howa menzili, şeýle hem beýleki desgalar gurulýar.

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri bolan Indoneziýanyň paýtagty Jakartada 30 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Ýurduň täze paýtagty Borneo adasyndaky Nusantara şäheri bolar. Taslamanyň 2024-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Ýurduň ilatynyň 60 göterimi häzirki paýtagtyň ýerleşýän Jawa adasynda ýaşaýar. Paýtagt göçürilenden soňra Jakarta täjirçilik merkezi bolmagyny dowam etdirer. Iki müň kilometr uzaklykdaky Nusantarada bolsa, hökümet binalary ýerleşer.

Aýmyrat DÖWRANMYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasyndaky bäseşigiň 2021-nji ýyldaky ýeňijileri belli boldy
Özüňden öneniň bary özüňki…
Innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýet
Türkmenistanda öndürilen’ SmartTV üç sagatdan soň öçdi’