Hytaýyň “Sinopec” kompaniýasy ýurduň Syçuan sebitinde 3 müň 500 metr çuňlukda slanes gaz gorunyň tapylandygyny mälim etdi.Bu ýerdäki gaz gorunyň 146 milliard kub metrdigi çaklanylýar. “Sinopec”-iň ýolbaşçysy Ma Ýonşen bu açyşyň çuňlukdaky slanes gazyny gözlemek we çykarmak babatda esasy sepgitleriň biri bolup durýandygyny belläp, munuň ýurduň energiýa howpsuzlygyna goşant goşjakdygyny aýtdy.
Ma gidrawlik döwmek usuly arkaly geçirilen buraw işleriniň çuňluk we çylşyrymlylyk göz öňünde tutulanda, sebitdäki gazy gözläp tapmagyň we çykarmagyň aňsat däldigini belleýär.Slanes gazy metan gazy bolandygy üçin arassa energiýa çeşmesi hasaplanýar.
Rahymjan Allakow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby