Täze suwasty geçelge gurlar

Şwesiýanyň Skone sebitiniň häkimiýeti Şwesiýanyň Helsingborg hem-de Daniýanyň Helsingýor şäherleriniň arasynda täze suwasty geçelgäniň taslamasy we gurluşygy boýunça Şwesiýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň başlanandygyny habar berdi. Geljegi uly taslama diňe bir maliýe taýdan peýdaly bolman, eýsem, iki ýurduň mundan beýläk-de ösmegine itergi berer diýip, Skone sebitiniň häkimiýeti belleýär.

Skone sebitiniň häkimiýeti bu taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen Daniýa bilen hyzmatdaşlyga girişmek isleýändigini aýtdy. Şeýle hyzmatdaşlyk mundan ozal Şwesiýa bilen Daniýany birleşdirýän Eresunn köprüsiniň gurluşygynda bolup geçdi. Şeýle-de bolsa häkimiýet Kopengagen bilen Malmýonyň arasyndaky meşhur Eresunn köprüsiniň iki ýurduň arasyndaky gatnawyň köpelmegi sebäpli uzak geljekde Daniýa bilen Şwesiýanyň arasyndaky ýeke-täk baglanşyk bolmaly däl diýip hasaplaýar.

Häzirki wagtda meýilnamada demir ýol we awtoulag hereketi üçin iki sany suwasty geçelgeden ybarat bir baglanyşygy döretmek göz öňünde tutulýar. Bu taslamadan başga-da häkimiýetler ýene-de birnäçe taslamany göz öňünde tutýarlar.

The post Täze suwasty geçelge gurlar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Daniýa: ABŞ bilen Grenlandiýa boýunça gepleşikler gysga wagtda başlar
Italiýa bilen Demirgazyk Irlandiýa, Türkiýe bilenem Rumyniýa duşuşar
Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi
2026-njy ýylyň iň güýçli pasportlarynyň sanawy
Dört ýyldan soň Zelenskiý Ukraina üçin "parahatçylygy we adalaty" wada berdi
Türkmenistan Metbugat azatlygy hasabatynda ýene iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galdy