Täze ýaşaýyş jaýlar toplumy Daşoguzyň binagärlik toplumynyň üstüni ýetirer

Daşoguzyň merkezi böleginde Al Horezmi köçesinde 6,5 gektar ýerde täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň gurluşygyna girişildi.Bu ýerde jemi 348 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň dokuzysy ulanylmga berler.

Olarda oňaýly ýaşaýyş üçin ähli şertler dörediler.Otaglary amatly ýerleşdirilen beýik depelikli giň öýlerde açyk giň eýwanlar ýa-da aýnalanan balkonlar, egin-eşik otaglary göz öňünde tutulan.Dört otagly öýüň umumy meýdany 204 inedördül metre golaýdyr, üç otaglysy 171 inedördül metrdir. Şu günler Merdana doganlar hususy kärhanasynyň hünärmenleri täze jaýlaryň düýbüni tutýarlar.

Bu ýerde çagalar oýunlar meýdançalary, dynç alyş zolaklary, ulag duralgalary, maşgala dabaralaryny geçirmek we sadaka bermek üçin jaýlar, tehniki desgalar toplumy bolar.Jaýlaryň töweregine agaçlar ekiler we abadanlaşdyrylar.

Soňky ýyllarda Daşoguzyň şäher gurluşygynda ýerlerden we hereket edýän inženerçilik-tehniki kommunikasiýalardan ýerlikli peýdalanmaga uly üns berilýär.Döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumlary, durmuş we dynç alyş düzümleriniň binalary köne jaýlardan boşan ýerlerde gurulýar, şeýle hem şäher çägindäki boş ýatan ýerler özleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

“Dagly çemen” Daşoguzda dört sany täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tamamlady
Türkmenabatda ulanmaga berlen täze jaýlar ýerli ýaşaýjylarda birnäçe sorag döretdi
“Parahat — 7” ýaşaýyş toplumda 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy
Gowaça meýdanlarynda ýekeleme işlerine badalga berildi, ideg işleri agyr zähmet talap edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dizaýn-master studiýasy türkmenistanlylara otagyň içki bezegi boýunça hyzmatlaryny hödürleýär