
Meşhur golliwud kinorežissýory Kwentin Tarantino iş ady Kino tankytçysy (The Movie Critic) bolan iň ahyrky filmi üçin ssenarini ýazyp tamamlady diýip, The Hollywood Reporter žurnalyna salgylanýan News.ru habar berdi.
Ssenarinde Los-Anjelesdäki 1970-njy ýyllaryň ahyrlarynyň wakalary beýan edilýär. Ol Amerikanyň iň täsirli kino tankytçylarynyň biri Polin Keýle bagyşlanýar. Filmiň surata alnyş işleri şu ýylyň güýzünde başlanyp bilner. Heniz Tarantino kinostudiýa bilen geleşik baglaşanok.
Öň Tarantino özüniň 10 sany film bilen kinodaky işini jemlemekçidigini habar beripdi. Häzirki wagtda onuň dokuz filmi çykdy, bu filmiň onuň iň soňky filmi bolmagy mümkin diýlip, habarda bellenýär.