Taryhda ilkinji gezek

10-njy noýabrda Ispaniýada geçirilen saýlawlardan soňra ýurduň Deputatlar Kongresi we Senaty täzeden işe başlady. Ýurtda iki palataly parlament bolup, olaryň ikisiniň hem başlyklygyna zenan ýolbaşçy saýlandy.

Parlamentiň ýokarky palatasy bolan Senata zenan ýolbaşçynyň saýlanmagy bolsa, ýurduň taryhynda ilkinji gezek bolýar.Parlamentiň aşaky palatasy bolan, kanun çykaryjy edara Deputatlar Kongresiniň başlyklygyny alyp barýan Meritksell Batet ýaňadan bu wezipä saýlanan bolsa, Senatyň başlyklygyna Pilar Llop saýlandy.

Ozal kazy bolup işlän Llop, mundan ozal aýallaryň hukuklary baradaky edaranyň ýolbaşçysy wezipesinde zähmet çekipdi.Ýeri gelende aýtsak, ýurduň hökümet düzümi entek kesgitlenmedi.Munuň üçin partiýalar ylalaşyp, koalisiýa döretmeli bolarlar.

Hökümet başlygy Pedro Sançes koalisiýa hökümetiniň mejlisde kabul edilmeginiň ýanwar aýyna galyp biljekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Medwedew: "NATO bilen gönüden çaknyşyk howpy bar" diýdi
Zelenskiý Amerikan Goldawy Hakynda Beýannama Berdi
Özbegistanda nobatdan daşary Prezident saýlawlary geçiriler
Ermeni Meselesi
Gazagystanyň Senaty gazak-türkmen serhedi baradaky resminamany tassyklady
Gazagystan-Türkmenistan döwlet serhediniň tertibi baradaky resminama kanunlaşdyrylýar
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler