Tebigat biziň öýümiz

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderäniň “Demirýolçy” çagalar sagaldyş merkezinde, tomusky dynç alyş möwsümini sapaly geçirýän ýaş nesilleriň arasynda “Tebigat biziň öýümiz” atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.

Türkmenistanyň tebigaty baý we özboluşly.Häzirki wagtda ýurduň çäginde biodürlüligiň, esasan hem, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň sanyny dikeltmek boýunça işleri amala aşyrýan döwlet tebigy goraghanalary bar.

Türkmenistan döwleti BMG-niň daşky gurşawy goramak, ekologiýa meseleleri boýunça dünýä möçberindäki kepilnamalary bolup durýan tebigaty goramak baradaky konwensiýalara ilkinjileriň biri bolup goşuldy.Ine, şular dogrusynda kitaphana hünärmenleri körpeje kitapsöýüjilere täsirli gürrüňleri berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda salkyn saýaly jülgelerde dynç alyşyny sapaly geçirýän ýaş nesiller Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary edýän etdiler.

Ýene degişli makalalar

TEBIGAT BIZIŇ ÖÝÜMIZ
Daşky gurşawyň goraglylygy- abadan ýaşaýşyň kepili
Türkmenistan Tähranda geçirilen YHG-niň Demirýol edaralarynyň mejlisine gatnaşdy
“Yhlasly Türkmen” ýokary hilli gurluşyk materiallaryny hödürleýär
Türkmenabatda ýetginjekleriň arasynda ýakalaşyk we talaňçylyk hadysalary köpelýär
Transport kynçylyklary: Ýolagçylar otlularyň hajathanalarynda sapar etmeli bolýar