Telkari

Telkari

Kümüş sünnäleme sungaty bolan “Telkariniň” 3 müň ýyllyk taryhy geçmişiniň bardygyny bilýäňizmi?

Gysgaça kümüş sim sünnäleme sungaty manysyny aňladýan “telkâri” inje sim görnüşinde guýulan kümüşiň şekillendirilmegi arkaly emele getirilýän kiçi motiwleriň birleşdirilmegi hökmünde beýan edilýär. Dolulygyna el hünärine esaslanýan bu sungat, esasan şaý-seplerde we bezeglerde ulanylýar.

Arheologik gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan eksponatlardan telkâri usulynyň b.e.ozalky 3 müňünji ýyldan bäri Messopotamiýada, b.e.ozalky 2500-nji ýyldan bäri bolsa Anadolyda ulanylýandygy anyklandy. Telkariniň merkeziniň 12-nji asyrda Mosuldadygy, onuň Mosuldan Siriýa, ol ýerden hem Anadola geçendigi öňe sürülýär. Telkari ussaçylygynyň 15-nji asyrdan bäri türkleriň arasynda ýaýbaňlanandygy, esasanda Günorta-gündogar Anadolyda ösendigi bilinýär.

Häzirki döwürde telkari sungadynyň iň ajaýyp nusgalaryny Mardin welaýatnyň Midýat etrabynda görmek mümkin. Aýratynam Ankaranyň Beýpazar etraby we Trabzon şaheri bu sungadyň dowam etdirilýän merkezleridir. Göz başyny asyrdan alyp gaýdýan sungat, täze ussalaryň ýetişmeýändigi sebäpli gynansagam ýatdan çykarylma howpuny başdan geçirýär.

Ýene degişli makalalar

Trabzon filigran we örme altyny
Urugwaýyň Katar 2022-de çykyş etjek oýunçylary mälim boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanda Hazaryň kenarynda harby türgenleşik geçirildi (Wideýo)
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
250-nji “El Klasiko”
Italýadan Türkmenistana getirilýän söweş uçarlary Trabzonyň uçar menziline gondylar