Tesla barlaglar üçin, beýleki kompaniýalara garanda, üç esse köp çykdajy çykarýar

Tesla barlaglar üçin, beýleki kompaniýalara garanda, üç esse köp çykdajy çykarýar

StockApps.com kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda öz öndüren bir sany awtoulagynyň barlagy üçin Teslanyň sarp eden puly 2984 dollara barabar bolupdyr. Bu çykdajy Forda, GM-a we Chrysler-e garanda üç esse köpdür. Dogry, bir möhüm bellemeli zat bar - hasaplamalar hut öndürilen awtoulaglardan çen alyp çykarylandyr.

Şu ýerde, Teslanyň geçen ýyl 963 müň ulag satandygyny bellemek gerek. Deňeşdirsek, Fordyň 2021-nji ýylda ýerlän diňe F-seriýaly pikaplarynyň özi 603 müňden gowrak boldy. Şonuň üçinem çykdajylary absolýut sanlarda deňeşdirmek asla dogry bolmazdy.

Şeýle-de bolsa, StockApps.çom-yň beýleki maglumatlary hasam gyzykly. Mysal üçin, Tesla 2021-nji ýylda adaty mahabat üçin asla pul sarp etmedi. Şunlukda, pudagyň ortaça görkezijisi satylan bir awtoulag üçin 485 dollar boldy.

Meselem, 2021-nji ýylda Forduň her satylan awtoulag üçin mahabata we marketinge sarp eden puly 468 dollar, Toyotanyňky bolsa 453 dollar boldy. GM bilen Chrysler degişlilikde 394 we 664 dollar çykdajy etdiler.

Şonuň bilen birlikde, Tesla sosial setlerde we habar beriş serişdelerinde, beýleki awtoulag brendlerine garanda, köp agzalýar. Ýöne şol agzalmalaryň aglaba bölegi uly meşhurlykdan peýdalanýan Ilon Maskyň ady bilen baglanyşyklydyr.

Ýene degişli makalalar

Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Ilkinji elektroulag zawodyny açdy
“Tesla” arzan elektroulag öndürer
Mask “Tesla Cybertruck”-yň iň soňky nusgasyny görkezdi
“Twitter”-iň mahabat girdejisi azalýar
Malaýziýada edarasyny açdy
Ilon Mask adam paýhasyndan ozdurjak superintellektiň dörejekdigini aýtdy