Tom Henks geljek ýyl ilkinji romanyny çap etdirmekçi

Tom Henks geljek ýyl ilkinji romanyny çap etdirmekçi

Amerikan aktýory Tom Henks özüniň The Making of Another Major Motion Picture Masterpiece (Nobatdaky ajaýyp iri kino eserini döredip) atly ilkinji romanyny 2023-nji ýylyň maýynda çap etdirmekçi. Ol bu barada People neşiri bilen söhbetdeşliginde habar berdi.

Roman super-gahrymanly filmiň hem-de onuň esasynda ýatýan 1940-njy ýyldaky komiksiň önümçiligi barada gürrüň berer. Eseriň wakalary üç sany wagt çäginde: 1940-njy, 1970-nji we häzirki döwürde bolup geçýär.

Roman 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda satuwa çykar.

2017-nji ýylda Tom Henks özüniň ilkinji kitabyny — Özboluşly nusga. Ol-bu barada gürrüňler atly hekaýalar ýygyndysyny çap etdiripdi.

Ýene degişli makalalar

GARAKÇYLAR GAÝDYP GELÝÄR
“Ar alyjylar: müdimilik urşy” (Avengers: Infinity War)
Täze kinolar
“Garynja adam we ary” (Ant-Man and the Wasp)
Sungat habarlary
Täze film