“Toyota Innova Crysta” bäşlik aldy

Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasynyň “Innova Crysta” ulagy ASEAN NCAP howpsuzlyk testinde iň ýokary baha bolan 5 ýyldyz aldy.Modeliň ýokary baha almagynda ESP tehnologiýasynyň täsiriniň uly bolandygy aýdyldy. Ýapon brendi “Innova Crysta” modelini golaýda Indoneziýada satuwa çykarypdy.

Miniwen görnüşli ulag Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynyň awtoulaglaryň howpsuzlygyna baha berýän ASEAN NCAP testinden geçirildi.Hereketlendirijisiniň göwrümi 2 litr bolan ulag ýapon kompaniýasynyň Indoneziýadaky zawodynda öndürilýär. “Innova Crysta” goşa howa ýassyklary ABS, EBD, öň tarapdaky ýolagçylar üçin howpsuzlyk kemerini duýduryjy we ESP ýaly howpsuzlyk tehnologiýalary bilen üpjün edilipdir.

ESP (Electronic Stability Program/Elektron durnuklylyk programnasy) 2021-nji ýyla degişli “Innova Crysta”-laryň ählisinde standart görnüşde oturdylypdyr. “Innova Crysta”-nyň 2016-njy ýylda çykan modeli agzalýan testde dört ýyldyz alypdy.

ESP tehnologiýasy ulagyň deňagramlylygyny dürli ýagdaýlarda elektron görnüşde üpjün edýär.

Ýene degişli makalalar

“Toyota Crown” modeli tanyşdyryldy
Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisine TSTP-niň agzalarynyň 210-dan gowragy gatnaşar
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (11-nji bölüm)
Türkiýe Respublikasyna gitmek üçin wiza resmileşdirmegiň we bir ýyllyk ätiýaçlandyryş polisiniň bahalary belli boldy, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda hindi tansynyň agşamyny guraýar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady
“Uber”-iň ähli ulaglary elektrikli bolar