Toyota şereketiniň Land Cruiser 300 atly täze awtoulagy barada jikme-jik maglumatlar mälim edildi

Toyota şereketiniň Land Cruiser 300 atly täze awtoulagy barada jikme-jik maglumatlar mälim edildi

Maglumatlara görä, Land Cruiser 300 atly täze awtoulagyň esasy benzinli hereketlendirijä (dwigatele) eýe bolan modeliniň önümçiliginiň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda başlajakdygy habar berildi. Bu awtoulagyň dizel modeliniň önümçiliginiň bolsa 2021-nji ýylyň 19-njy iýulynda başlajakdygy habar berildi.

Creative311 portaly täze Land Cruiser 300 awtoulagynyň birnäçe esasy aýratynlaryny okyjylar köpçüligine mälim etdi. Bu portalda habar berlişine görä, Land Cruiser 300 awtoulagy 3,5 litrlik V6 benzinli hereketlendiriji (dwigatel) bilen üpjün ediler. Enjamyň güýji 420 at güýjüne deň bolar. Hereketlendiriji (dwigatel) on esse tizlikli awtomatik geçiriş gutusy bilen işlär.

Şeýle hem alyjylara 309 at güýji we 3,3 litrlik V6 hereketlendirijisi (dwigateli) bolan awtoulagyň dizel modifikasiýasy teklip ediler.

Ýene degişli makalalar

''Toyota" täze "Camry 2025" ulagyny tanyşdyrdy
Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
Singapurda Werstappen däl-de, Perez ýeňiş gazandy
Toyota Tundra IIHS synaglarynda aňrybaş howpsuzlyk reýtingini gazandy
Täze Toyota Land Cruiser Prado-nyň çykaryljak senesi belli boldy
Volvo Cars Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyny terk edýär
Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi