Trabzon Hasyry

Trabzon Hasyry

“Trabzon hasyrynyň” dünýäniň ýuwelir pudagynda Türkiýä mahsus ýeke-täk zyýnatdygyny bilýäňizmi?

Trabzon örme usulynyň taryhy b.e.ozalky 7-nji asyrda ýaşap geçen saklara çenli uzap gidýär. Bu örme usuly irki döwürlerde gorag maskady bilen peýdalanylan sowutlaryň we gylyçlaryň dakylan kemerleriň öndürilmeginde ulanylypdyr.

Iňňän köp zähmet talap edýän örme bilezik hem altyn ýa-da kümüş simler bilen sowut ýaly örülen el hünäridir we asyrlardan bäri dowam edip gelýän mirasdyr.Bu el hünäri zyýnatlar, Türkiýäniň Garadeňiz sebitinde diňe Trabzonda öndürilýär.

Rus ynkylabynda Trabzona gelen kawkazlylaryň Trabzon şäherine getiren sim örgi işi, soňky ýyllarda trabzonly zenanlar tarapyndan öndürilmäge başlanypdyr.Ilkiler kümüş ýaly magdanlardan öndürilen şaý-sepler, soňky ýyllardan altyndan öndürlipdir.

Trabzon zenanlarynyň birnäçe günläp zähmet çekip öndüren “Trabzon hasyry” iňňän gymmatly zyýnatdyr. 0,3 millimetr ýogynlygynda kümüş ýa-da altyn simlerden öndürilýän dokma bilezikler 15 günde örülýär.

Ýene degişli makalalar

Trabzon filigran we örme altyny
Urugwaýyň Katar 2022-de çykyş etjek oýunçylary mälim boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanda Hazaryň kenarynda harby türgenleşik geçirildi (Wideýo)
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
250-nji “El Klasiko”
Italýadan Türkmenistana getirilýän söweş uçarlary Trabzonyň uçar menziline gondylar