Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Kalyn: Egeý bilen bilelikde ähli meseleler çözüler” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky geňeşmeleriň 61-nji tapgyrynyň düýn Stambulda Dolmabahçe ofisinde geçirilendigini ýazýar. Gazet Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň geňeşmeden soň sosial media hasabyndan “Egeý bilen bilelikde ähli meseleler çözüler” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “ÝB Türkiýe bilen netijeli gepleşikleri dowam etdirmek isleýär” söz başyly habarynda, ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrelliň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň geçen hepde Brýusselde geçiren duşuşyklaryndan soň ÝB bilen Türkiýäniň soňky hepdelerdäki netijeli gepleşikleri dowam etdirmek boýunça ylalaşandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Russiýa bilen gol çekişildi” söz başyly habarynda, rus koronawirus sanjymy Sputnik V-niň Türkiýede öndürilmegi üçin şertnama baglaşylandygyny mälim edýär. Habarda “VisCoran Derman Senagaty” firmasynyň dolandyryjylar geňeşiniň Başlygy Öztürk Oranyň “Tehnologiýa transferi we Saglygy goraýyş ministrligindäki proseduralar tamamlanandan soň sanjym üçin ulanyş şahadatnamasy alynar. Soň Türkiýede öndürilmäge başlanar” diýen sözleri çap edilýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäni tanatjak 19 Şef” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň daşary ýurtlarda Türkiýäni tanyşdyrmak üçin dünýä meşhur türk şeflerinden 19 sanysyny saýlandygyny ýazýar.Sanawda Masterşef gepleşigi bilen tanalan Somer Siwriogly, aşpez bolmazdan ozal serfçiligi bilen tanalan Kemal Demirsalyň, duz sepme hereketleri bilen bütin dünýäde tanalan gassap Nusret Gökjäniň, Parižde özüni tanadan Aýlin Ýajyzyoglynyň we teleýaýlymlary bilen tanalan Arda Türkmeniň bardygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “30 ýurda 3 müň tonna çaý eksport edildi” söz başyly habarynda, geçen ýyl Rize welaýatyndan 30 ýurda 3,064 tonna çaý eksport edilendigini, öňki ýyl bilen deňeşdirilende eksport edilen çaýyň mukdarynyň 8, girdejisiniň bolsa 5 göterim artandygyny ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady