Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Prezident Erdogan Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar berýär.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli başdan geçirilýän krizisiň çözüwi bilen bagly meseleler ele alyndy.Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde global azyk krizisiň öňüne geçmekde täsirli boljak Ukrainanyň galla önümleriniň Gara deňiziň üsti bilen eksporty üçin tagallalaryny dowam etdirýändiklerini habar berdi.

Erdogan Baş sekretara söhbetdeşlerine parahatçylyk gepleşikleriniň janlandyrylmagy we söweşiň diplomatiýa bilen netijelendirilmegi ugrundaky tekliplerini dowam etdirýändigini hem mälim etdi.

Haber Türk gazedi: "Ibrahim Kalynyň Finlýandiýa we Şwesiýa bilen bagly beýanaty" söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalynyň Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy we Türkiýäniň aladalary bilen baglanşykly gepleşikleriň dowam etjekdigini, Madrid sammitiniň hem soňky senenama bolmandygyny aýdandygyny mälim edýär.

Star gazedi: "NATO-nyň Türkiýe bilen bagly beýanaty" söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň Türkiýäniň Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy bilen bagly eýe bolan kanuny howpsuzlyk aladalarynyň aýrylmagy üçin konstruktiw duşuşyklaryň geçirilýändigini we şol gepleşikleriň dowam etjekdigini aýdandygyny aýan edýär.

Sabah gazedi: "Şentop: Türkiýe immigrasiýa meselesinde ýalňyz galdy" söz başyly habarynda, TBMM-niň başlygy Mustafa Şentopyň, düýn geçirilen Global parlamentar migrasiýa konferensiýasynda eden çykyşynda, halkara jemgyýetiň immigrasiýa meselesinde örän haýal hereket edýändigine ünsleri çekip: "Türkiýe gynansagam immigrasiýa meselesinde ýalňyz galdy. Türkiýe gerek bolan goldawyň, kömegiň berilmändigini, immigrasiýa bilen bagly global jogapkärçiligiň alynmandygyny görýäris" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sany artýar" söz başyly habarynda, Türkiýä maý aýynda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň maý aýyna garanyňda 308,48 göterim artyp, 3 million 824 müň 555-e ýetendigini beýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şwesiýa NATO Agza Boldy