Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "Prezidentiň orunbasary Oktaý: Türkiýäniň Alžirdäki maýa goýumlary 5 milliard dollara ýetdi" söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň 19-njy Ortaýer deňiz Oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen giden Alžirde türk işgärler bilen duşuşyp olara: "Türkiýäniň Alžirdäki maýa goýumlary 5 milliard dollara ýetdi" diýendigini habar berýär.

Hürriýet gazedi: "Goranyş senagatynyň başlygy Ismail Demir: Milli suwasty taslamamyzda taryhy ädim" söz başyly habarynda, Goranyş senagatynyň başlygy Ismail Demiriň: "Milli suwasty taslamamyzda taryhy ädim. Türk inženerler tarapyndan dolulygyna milli mümkinçilikler bilen oýlanyp tapylan STM500 suwasty gämisiniň önümçiligine berk gaýyk synag önümçiligi bilen başlaýarys" diýendigini mälim edýär.

Star gazedi: "Türkiýeden tankydy göçüm" söz başyly habarynda, Awiasiýa üçin tankydy ähmiýede eýe bolan ýene-de bir tehnologiýanyň millileşdirilendigini aýan edýär. Milli howa ulaglarynyň guşlary kakmazlyk bilen bagly synaglary Türkiýede geçirilmäge başlandy. Şeýlelik bilen ýerli tehnologiýanyň saýasynda Milli söweşjeň uçar, Hürjet, Gökbeý ýaly taslamalaryň synagy üçin mundan soň daşary ýurtlara gidilmez.

Ýeni Şafak gazedi: "TOGG sanly bir önümi hyzmata berer" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Awtoulag kärhanalar toparynyň (TOGG) ýokary derejeli dolandyryjysy Gürjan Karakaşyň, awtoulagdan ozal başga bir tehnologik önümiň bazara çykaryljakdygy bilen bagly öňe sürmeler barasynda, TOGG-y esasy ugry bolan bir tehnologik kärhanasy hökmünde häsýetlendirilýändigini belläp: "Bu meselede maglumat bermek entek ir, emma ilkinji döwrebap enjamymyz C segmentli SUV-y bazara çykarmadan ozal, mobil ulgam arkaly hyzmat berjek bir sanly önümiň üstünde işleýändigimizi aýdyp bilerin" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Haber Türk gazedi: "Türejä we Şahine uly sylag berildi" söz başyly habarynda, Wehbi Koç gaznasynyň Adamzadyň öňünde eden görnükli işleri üçin berilýän baýrak bilen ilkinji bolup sylaglandyrylanlaryň, Kowid-19 pandemiýasynda oýlap tapan sanjymlary bilen millionlarça adamyň janyny halas eden BioNTech kärhanasynyň esaslandyryjylary Prof.Dr Özlem Türeji we Prof. Dr Ugur Şahin bolandygyny beýan edýär.

Ýene degişli makalalar

ÇAKYR Ganatly Raketa Nyşanasyny Hatardan Çykardy
“Taýfun” 2-nji Synag Atyşyny Üstünlikli Ýagdaýda Tamamlady
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenler Leningradyň goragynda atly çäre geçirildi
Durna tansy
Leningradyň goranyş we gabaw muzeýinde türkmenleriň şäheri nädip gorandygy gürrüň berler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny