Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Serhetaşa operasiýa yşaraty" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda, Siriýa serhedinde emele getirilmäge başlanan howpsuzlyk koridorynyň kemçiliklerini tamamlap, degişli taýarlyklar görüleninden soň täze operasiýalara başlajakdyklaryny aýdandygyny mälim edýär.

Hürriýet gazedi: "Hiç bir ýaranymyz Türkiýeden has köp hüjüme sezewar galmady" söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň: "Ählimiziň howpsuzlyk aladalary NATO agzalyk tapgyrynyň bir bölegi hökmünde ünsden düşürilmeli däldir. Hiç bir ýaranymyz terror guramasy PKK-nyň hüjümleri bilen birlikde, Türkiýeden has köp hüjüme sezewar galmady" diýendigini habar berýär.

Sabah gazedi: "Erdoganyň nebit bilen bagly buşlugy" söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň: "Adana welaýatynda nebit bilen bagly geçiren gözleg işlerimizde iki aýry ýatakda ýokary derejeli nebit tapdyk. Nebitiň ätiýajy takmynan 1 milliard dollar gymmadynda" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýeni Şafak gazedi: "Çawuşogly: Zengezur koridory iň gysga wagtda açylmaly" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tileuberdi bilen Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Türkiýe-Azerbaýjan-Gazagystan Daşary işler we Transport ministrleriniň maslahatyndan soň bolan metbugat ýygnagyna gatnaşandygyny aýan edýär.

Türkiýäniň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky tapgyry goldaýandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Azerbaýjanyň günbatar sebitleri bilen Nahiçewanyň arasynda arabaglanşygy ýola goýjak Zengezur koridoryny güýçli ýagdýada goldaýarys we koridoryň iň gysga wagtda açylmagyna garaşýarys" diýip aýan etdi.

Haber Türk gazedi: "Antalýa howa ýollary bilen gelen syýahatçylaryň sany 4 million adamdan geçdi" söz başyly habarynda, Antalýa 1-nji ýanwar-26-njy iýun aralygynda howa ýollary bilen gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 193 göterimlik artyş bilen 4 million adamdan geçendigini beýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi