​​​​​​​ Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

​​​​​​​ Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdfogan Adyýamandan beýannama berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerden soň Adyýaman welaýatyna guran iş saparynda; “Dünýäde şeýle giň sebitde, köp ilatyň zyýan çeken betbagçylygyna sezewar bolup, bizin ýaly gysga möhletde dikeljek başga ýurt ýok” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Daşary işler ministri Çawuşogly müsürli kärdeşi Şukri bilen Adanada duşuşdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri bilen düýn duşuşandygyny mälim edýär. Ministr Çawuşogly; “Türkiýe bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegi iki tarap üçin hem bähbitlidir” diýdi.

“Sabah” gazeti “Türk halkynyň güýji dünýä metbugatynda” söz başyly habarynda, düýn Malatýada bolan ýer titremeden soň dünýä metbugatyna Türkiýä ýene-de giňden orun berilendigini mälim edýär.Ençeme halkara habarlar gullugy, gazetler Türkiýede täze bir ýer titremäniň bolandygyny habar berdiler.

Türk halkynyň başdan geçirilýän ähli tebigy apatlara garamazdan umydyny ýitirmändigini we harabalygyň aşagyndan hem dem almağa dowam edýändigini mälim etdiler.

“Star” gazeti “BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisi ýer titremede pida bolanlary hatyralamak bilen başlady” söz başyly habarynda, BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň 52-nji maslahatynyň düýn 6-nji fewralda Kahramanmaraşda bolan ýer titremeler sebäpli Türkiýede we Siriýada pida bolanlar üçin hormatly dymyşlyk bilen başlandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Hasabat Guramasy daşary söwdanyň görkezijilerini çap etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda eksportuň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 10,3 göterim artandygyny habar berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi