Türk Seriallaryna Tomaşa Edilýän Ýurtlaryň Başynda Russiýa Durýar

Türk Seriallaryna Tomaşa Edilýän Ýurtlaryň Başynda Russiýa Durýar

Rus habarlar gullugy “Ria Nowosti” türk serillary hakynda analiz-habar çap etdi. “Türk seriallarynyň ajaýyp asyry” söz başyly habarynda produksiýalaryň dünýä derejesindäki üstünlikleri hakynda öwgüli sözler aýdylýar.

Habarda Türkiýäniň medeniýet senagaty bazarynda soňky ýyllarda seriallar öndürmekde ABŞ-dan son ikinji orny eýeleýändigi ýatladylýar.

“Türk seriallaryny günbataryň produksiýalaryndan tapawutlandyrýan esasy özbolyşlyk bolsa konstruktiw häsýetlere eýe bolmagy” diýilýär.

Serillaryň tomaşa edilmegine Prezident R.T.Erdoganyň imijiniň hem goşandynyň uludygy nygtalýar.

Türk seriallarynyň ýüzden gowrak ýurtda görkezilýändigine üns çekikýän analiz-habarda, türk ykdysadyýetine goşýan goşandynyň 500 million dollara barabardygy beýan edilýär.

Rus habarlar gullugynyň habarynda ünsleri özüne çekmegi sebäpli halkara serial we kino-film platformalarynyň türk seriallaryna giňden orun berýändigi nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Prezidenti Türkiýä Sapara Geler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Şarif Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy