Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi Azerbaýjana hem Türkmenistana gutlag bilen ýüzlendi

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi Azerbaýjana hem Türkmenistana gutlag bilen ýüzlendi

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amraýew bu halkara guramasynyň adyndan Azerbaýjana hem Türkmenistana gutlag bilen ýüzlendi.

Bagdat Amraýew Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň resmi twitter sahypasynda: Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňziniň Dostluk uglewodorod ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, özleşdirmek we işläp düzmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýar.

Hazar deňziniň Dostluk uglewodorod ýatagynda takmynan 60 million tonna nebit we 100 milliard kub metr tebigy gaz gorlary bar diýlip çaklanylýar.Hazar deňzinde Azerbaýjan bilen Türkmenistan sebitleriniň orta arasynda ýerleşýän bu uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmeklik babatda iki döwletiň arasynda gazanylan ylalaşyk türki ýurtlaryň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirer.

diýlip belledi.

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amraýew bu halkara guramasynyň resmi twitter sahypasynda ýazan beýanynyň ahyrynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň Hökümetlerine il-ýurt bähbitli we sebit ähmiýetli bu döwletli işlerinde uly üstünlik, iki doganlyk ýurduň halkyna bolsa asuda we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Fuzuli türki edebiýatynyň esasy wekillerinden biri
Türkiye Respublikasynyň 100-nji ýyly dünýäniň dört künjeginde bellenilip geçilýär
Türkiye Respublikasynyň 100-nji ýyly dünýäniň ençeme ýurdunda bellenilip geçilýär
Şaýy Lider Sadr, ABŞ-nyň Bagdatdaky Ilçihanasynyň Ýapylmagyny Isledi
Gazagystanyň obalaryna gönüden-göni kosmosdan internet birikdiriler
Yragyň Prezidentiniň ýakynda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmegi meýilleşdirilýär
Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Yraga gaz iberer