Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gol çekişilen Ähtnama ýokary baha berýär

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gol çekişilen Ähtnama ýokary baha berýär

Hazar deňziniň iki kenarynda ýerleşýän dostlukly ýurtlar bolan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gol çekilen ylalaşyk bilen baglanyşykly Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan hem beýanat berildi. Bu barada Trend Anadolu habarlar agentligine salgylanyp, habar berýär.

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwary, Belgi: 31, Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmegi barada atly beýanatda hususan-da şeýle diýilýär.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Dostluk” diýlip atlandyrylan uglewodorod ýatagynyň bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek babatda ylalaşyga gelmegini uly hoşallyk bilen kabul edýäris.

Bu şertnamanyň iki ýurduň dostlugyny pugtalandyrmagyny, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň dostlukly we dogan halklary üçin peýdaly bolmagyny we sebitiň gülläp ösmegine we durnuklylygyna goşant goşmagyny arzuw edýäris.

Şeýle hem bu şertnamanyň Türkiýe bilen Ýewropanyň galan böleginiň energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrjak taslamalaryň hem öňüni açmagyny arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Öwülýä Çelebiniň ömür beýany
Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Ärdogan täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar
Ärdogan kasam kabul etdi
Ärdogan Türkiýäniň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy