Türkiýäniň häkimiýetleri ýurduň çägindäki türkmen aktiwistleriniň Berdimuhamedowy tankytlamagyny togtatmagyny talap edýärler

Türkiýäniň häkimiýetleri ýurduň çägindäki türkmen aktiwistleriniň Berdimuhamedowy tankytlamagyny togtatmagyny talap edýärler

Ýakyn aýlarda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana saparyna garaşylýar.

Şol sebäpli, türk häkimiýetleri internet arkaly prezident Berdimuhamedowyň režimini tankytlaýan aktiwistlere basyş etmäge başladylar diýip adam hukyklary boýunça “Memorial” merkezi aktiwist Dürsoltan Taganowanyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Taganowa mundan öň Stambulyň deportasiýa merkezinde üç aý galypdy. 2020-nji ýylyň oktiýabrynda adam hukuklaryny goraýan guramalaryň çagyryşlary netijesinde ony boşatdylar we ol syýasy baş pena sorap, arza bermäge mümkinçilik aldy.

D.Taganowanyň aýdyşyça, ony 14-nji aprelde ýurtda ýaşamagy baradaky rugsat boýunça migrasiýa gullugyna söhbetdeşlige çagyrypdyrlar. Emma, aklawjysyz gelmegini sorapdyrlar.

Migrasiýa gullygynyň Stambuldaky edarasynda onuň bilen iki sany näbelli şahs söhbetdeşlik geçiripdir. Onuň arzasy, ýaşaýan ýeri we hossarlary baradaky sowallardan ötri aktiwlik işleri we internet arkaly edýän çykyşlary barada hem soralypdyr.

Taganowa häzir iki ýurdyň “örän gowşak” gatnaşyklaryna onuň aktiwliginiň zeper ýetirmeginiň ähtimaldygy aýdylypdyr we eger ol çykyşlaryny bes etmese, Türkiýede ýaşamagynda problemalaryň döremeginiň mümkindigi babatda haýbat atypdyrlar.

Ol iki şahs ýurtdaky beýleki aktiwistler barada, “eger görkezme berilse”, olaryň hem çagyryljakdygyny we duýduryşlar beriljekdigini tekrarlapdyrlar.

Daşary ýurtlardaky türkmen migrantlary öz aktiwligini geçen ýylyň baharyndan has-da güýçlendirdiler. Olara geçen ýylyň aprelinde Lebap welaýatyndaky apy-tupan itergi berdi.

Şol apy-tupan netijesinde, ençeme jaýlar weýran boldy we häkimiýetler ony ret edip, ilata hiç hili kömek etmediler.The post Türkiýäniň häkimiýetleri ýurduň çägindäki türkmen aktiwistleriniň Berdimuhamedowy tankytlamagyny togtatmagyny talap edýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Saturnyň iň uly hemrasynda buludyň bardygy anyklandy
Türkmen konsullyklarynda pasportlaryň möhletini uzaltmazlyk baradaky habar migrantlary alada goýýar
Türkmenabatda sambo we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Erkin Taganow BAE-de geçirilen halkara karate ýaryşynda bürünç medal eýeledi