Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky tehniki gepleşikleriň öňümizdäki hepde başlamagyna garaşylýar

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky tehniki gepleşikleriň öňümizdäki hepde başlamagyna garaşylýar

Türkiýe bilen Gresiýanyň harby wekiliýetleriniň arasynda “Tapawutlandyryş Usullary” boýunça tehniki maslahatlaryň geçirilmegi Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň geçiren duşuşyklarynyň netijesinde karara gelinipdi we durmuşa geçirilmäge başlanypdy.

NATO-nyň ştabynda geçirilen maslahatlaryň netijesinde 2020-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda bar bolan meselelerde umumy pikire gelinendigi aýan edilipdi.

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, Gresiýanyň gatnaşmaýanlygy sebäpli eýýäm ençeme wagt geçirilip bilinmeýän Türkiýäniň we Gresiýanyň arasyndaky Gündogar Ortaýer deňizi babatynda tapawutlandyryş usullarynyň ele alynjak gepleşikleriň, öňümizdäki hepde başlanmagy meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi
Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
Hakan Fidan Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Peskow NATO-nyň baş sekretary Stoltenbergiň Günorta Kawkaza guran sapary barada beýanat berdi
Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Şwesiýa NATO Agza Boldy
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady