Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldilýär, Onlaýn taksi gullugynyň ulaglar parky täze Toyota Corolla kysymly ulaglar bilen üpjün edildi, Aşgabatda höwesjeňleriň arasynda ilkinji tennis çempionaty geçiriler

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldilýär, Onlaýn taksi gullugynyň ulaglar parky täze Toyota Corolla kysymly ulaglar bilen üpjün edildi, Aşgabatda höwesjeňleriň arasynda ilkinji tennis çempionaty geçiriler

1. 5-nji oktýabrdan başlap, Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula dowamly howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder. Howa gatnawlary hepdede dört gezek, duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.

2. Häzirki wagtda Türkiýeden Türkmenistana amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň awiapetekleri satuwa çykaryldy. Petekleri Türkmenistan awiakompaniýasynyň Stambulyň halkara howa menzilindäki kassasyndan satyn almak mümkindir.

3. Türkmenistanyň gije-gündiz iş alyp barýan Onlaýn taksi gullugynyň ulaglar parky täze Toyota Corolla kysymly ulaglar bilen üpjün edildi. Bu awtoulaglaryň her biri olaryň paýtagt şäheriň köçesindäki hereketini onlaýn yzarlamaga mümkinçilik berýän GPS ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Onlaýn taksi gullugy Aşgabadyň ýaşaýjylary üçin gije-gündizleýin tertipde elýeterlidir. Taksileri 0655 gysga belgä jaň edip çagyrmak mümkindir.

4. Türkmenistanda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçiliklerini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

5. Türkmenistanda ýurtdaky ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak üçin maslahatçy kompaniýa işe çekiler. Stansiýany Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda gurmak göz öňünde tutulýar. Energetika ministrligi tarapyndan bu maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin maslahatçy kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşik geçirildi.

6. 10-njy oktýabrda sagat 09.00-dan 12.00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler. Çäre Büzmeýin etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde guramagynda geçiriler. Ýarmarkanyň işe ýerleşmek isleýän myhmanlary ýanlary bilen pasportyny we zähmet depderçesini getirmelidir.

7. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly bäsleşiginiň ikinji möwsüminiň başlanandygyny yglan etdi. Bäsleşik Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan geçirilýär we oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylary çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 10-njy oktýabra çenli parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron poçta salgysyna şahsy maglumatlaryny ibermelidirler.

8. Bagtyýarlyk sport toplumynda ýoga sapaklary gaýtadan dikeldildi. Sapaklar hindistanly sertifikatlaşdyrylan tälimçi tarapyndan alnyp barylýar. Sapaklara Ýoga merkezinde ýazylyp bilersiňiz. Sapaklar duşenbeden anna aralygynda sagat 07:00-dan 20:00-a çenli geçirilýär.

9. Türkmenistanyň wekiliýeti Soçi şäherinde Biz bile. Sport şygary astynda geçýän Tomusky paralimpiýa oýunlaryna gatnaşýar. Halkara sport bäsleşikleri 2-nji oktýabrda badalga aldy. Oýunlara Belarusdan, Türkmenistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Gruziýadan, GFR-den, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň subýektleriniň ýygyndylaryndan jemi 1800-den gowrak türgen gatnaşýar.

10. 8-13-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň meýdançalarynda Halkara tennis federasiýasynyň wekili Amir Borgeýiň gatnaşmagynda höwesjeňleriň arasynda ilkinji tennis çempionaty geçiriler.

Ýene degişli makalalar

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidentine Peşewarda bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi, Onlaýn taksi we Duralga ulgamlary birinji ýyllygyny bellediler, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze dermanhana açyldy we beýleki habarlar
Onlaýn taksi we Duralga hyzmatlarynyň işe girizilmegine laýyk bir ýyl boldy
PostShop marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy
Türkmenistanlylar Yandex-iň Tomusky mekdebinde mugt bilim almaga mümkinçilik alarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Kazana uçuşlarynyň sanyny azaldar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula her gün gatnar