“Türkiýe, NATO Agza Esasy Ýurt”

“Türkiýe, NATO Agza Esasy Ýurt”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, “Türkiýe, Ýewropa, Russiýa, Yrak we Siriýa meselesinde strategiýa taýdan uly rol oýnaýan NATO agza esasy ýurt” diýdi.

Ýens Stoltenberg, Germaniýada çap edilýän “Bild” gazetine beren beýannamasynda, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesinde Türkiýäniň aladalary hakyndaky soraga jogap berdi.

Stoltenberg “Agzalyk ýüz tutmalary taryhy pursatdyr. Agzalyk diňe Finlýandiýa bilen Şwesiýany däl eýsem hemmämizi güýçlendirer” diýdi.

Stoltenberg, NATO agza ýurtlaryň, Şwesiýanyň, Finlýandiýanyň we ÝB-niň PKK-ny terror guramasy hökmünde yglan edendigini ýatlatdy.

“Türkiýe, Ýewropa, Russiýa, Yrak we Siriýa meselesinde strategiýa taýdan uly rol oýnaýan NATO agza esasy ýurt” diýen Stoltenberg, NATO agza hiçbir ýurduň terror sebäpli Türkiýe ýaly uly ýitgi çekmändigini, şol sebäpli hem Türkiýäniň aladalaryna üns berýändiklerini belledi.

Ýene degişli makalalar

Şwesiýa NATO Agza Boldy
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny