11-nji martda irden Stambulda ýaşaýan türkmen aktiwisti Aziz Mämmedow ýaşaýan jaýynyň gapysynyň öňünden gülli uly sebet we içinde özüniň hem beýleki aktiwistler – Nurmuhammet Annaýewiň, Farhad Meýmankulyýewiň ady ýazylan peket tapypdyr.
Bu barada 12-nji martda “Türkmen Helsinki Fondy” (THF) habar berdi. Ady agzalmaýan türk raýatynyň ýazan hatynda hamana, Aşgabatda işleýän iki şirketiň türkmen rejimini tankytlaýan aktiwistleri maddy we ahlak taýdan goldamagy göz öňünde tutýandyklary aýdylypdyr. Şeýle-de WhatsApp boýunça günortan 12-den gije 1.30-a çenli habarlaşyp boljak san görkezilipdir.
Bu sowgat şübhe döredipdir. Mämmedow sebediň içini gözden geçirende, ondan kül reňkli poroşok, demir şarjagazlary, içinde suwuklyk bolan çüýşejik, gök hem gyzyl reňkli iki sany sim ýumagy we Samsung telefony üçin energiýa beriji tapypdyr. Aktiwist bu zatlary wideýo çekip, Polşadaky Annaýewe we adam hukuklaryny goraýjylara habar beripdir.
Mundan soňra Mämmedow poroşogy hajathana döküpdir we galan zatlary daşarda ýakyp,hemmesini wideýo çekipdir. Aktiwistleriň gorkusy dogry çykypdyr.
Türkmen aktiwistleriniň çaklamalaryna görä, bu prowokasiýa oppozisiýanyň galp diýip atlandyran prezidentlik saýlawlary bilen ilteşikli. Mämmedow özüniň alan hatyny ýazylyşy boýunça türkmeniň däl-de, türküň ýazandygyny aýdýar.
Ol ýollanan telefon san boýunça sowgady iberen bilen habarlaşmagy göz öňünde tutupdyr.Emma, muňa gije ýarymy öýüne kürsäp giren,aralarynda elleri awtomatlylar bolan polisiýa päsgel beripdir diýip THF ýazýar.The post Türkiýede türkmen aktiwistine içi gülli sebet, nämälim poroşok we suwuklyk ýollanypdyr first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.