Türkmen demir ýollary barada

Tomusyň yssy günlerinde Aşgabatdan dürli ugurlara gatnaýan ýolagçy otlularyna bilet satyn almak uly problema bolmagynda galýar. Şu ýylyň başyndan Türkmenistanyň demirýol ulgamynyň açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülmegi bilen, her ugurlar boýunça sostawlarda bilediň bahasy 100-manat bolan ýokary amatlykly bir sany VIP-wagonlar peýda boldy diýäýmasaň, ýolagçylar üçin hiç bir ýeňilligiň döredilmändigi aýdylýar.

Her ýylda tomus möwsüminde boluşy ýaly, ýolagçylar bilet almakda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.Bilet ýetmezçiliginiň bir sebäbini ýolagçylar Aşgabatdan welaýat-etrap aralaryna hususy taksilaryň ýoklygy bilen hem baglanyşdyrýarlar. Ýer ýüzünde ýaýran Koronowirus ýokanç keselinden ätiýaçlyk sebäpli, welaýatlara gatnaýan hususy taksilar hem, öz awtoulagynda gezelenje çykýanlar hem, ýollardaky barlag nokatlaryndan geçip bilmeýärler. Şol sebäpli, işi çykyp paýtagta gelmeli ýolagçylar, soňra paýtagtdan yzyna hem gitmek üçin, ýolagçy otlusynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga çalyşýarlar.

Emma bilet ýetmezçiligi her ädimde ýüz berýär. Ýolagçylar biletsiz münip, ýolbeletlere bilediň 2-esse bahasyny tölemäge mejbur bolýarlar. Oturmaga ýer tapan ýolagçy oturyp gijäni geçirýär. Kä bir ýolagçylar dik duryp ýol ýörese, wagonlaryň koridoryndaky oturgyçlardan ýer tapan ýolagçy, özüni ýerli hasaplap begenip, ýol aşýar. Oturan ýerinde uklamaga mejbur bolýarlar.

Bilet ýetmezçiliginiň üsdesine wagonlaryň köpüsinde çaý-suw hem ýok, hajathanalar hapa we olaryň kä birinde suw akmaýar. Kä bir wagonlarda bolsa ýagtylandyryş yşyklar işlemeýär.

Gije sagat 23-20-de Marydan ugraýan ýolagçy otlusynyň 16-njy wagonynda yşyklandyryjylar işlemeýärdi.Bu wagon Serhetabatdan gelýän ýolagçy otlusyna Maryda goşmaça goşulan ekeni. Öňünden bilet satylyp, goşmaça wagonyň goşulmagy planlaşdyrylan bolsada, onyň çyralary abatlanmandyr.

Garaňkyda telefonlaryň yşygy bilen ýolagçylar ýerlerini zordan saýgaryp, ýerleşdiler. Çaý-suw barada gürrüň hem ýokdy. Ýolbelet ýolagçylaryň biletlerni wagonlara münjek wagty daşarky çyralaryň yşygyna belläp aldy, soňra ýolagçylaryň ýanyna gelen bolmady.

Kä bir ýolagçy ýolbelediň prostyn, ýasdyk daşy getirerine garaşdy, emma ýolbelet ýerinde hem oturman beýleki wagonlara çykyp gitdi.Wagtynda gelmänden soň, ýolagçylar kirli matraslaryň üsdünde ýatyp galdylar.

Biletsiz münen ýolagçylar Marydan Aşgabada çenli oturyp gaýtmak üçin ýolbelede 50 manatdan pul töländiklerni aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Lebapda uçar we otly biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşýär
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Russiýada Kazan ― Türkmenabat gatnawynyň biletleri onlaýn satylyp başlandy
Awazada dynç alan müňlerçe adam öz welaýatlaryna dolanyp bilmeýär
Goşa raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylar ýurtdan çykmakda kynçylyga duçar bolýarlar
"Sanawlar, para we garaşmak". Türkmenler öz watanyna dolanyp bilmeýärler
Türkmenistana uçarly barýanlar ýene-de karantine ýerleşdirilýär