Türkmen el halylaryna we boýalan tüýjümek önümlerine isleg artýar

Türkmen el halylaryna we boýalan tüýjümek önümlerine isleg artýar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 47 million 697 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň ýekşenbe güni habar berşi ýaly, daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň täjirleri elde dokalan halylary, boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplügi we nah matany, jinsi matany satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-niň we Owganystanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi beýik britaniýaly işewür toparlarynyň wekilleri, ýokary dykyzlykdaky polietileni bolsa Russiýanyň we Türkiýäniň işewürleri satyn aldylar.

Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Gazagystanyň we Ermenistanyň täjirleri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 25 million 402 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 40 million 19 müň manatlykdan gowrak ýük awtoulagyny we pagta süýümini satyn aldylar.

Geçen hepdäniň dowamynda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69-sy hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Fewral III hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $44,5 milliondan geçdi
Aprel I hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $21 milliona golaýlady
Birža söwdalarynda 44 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy
TDHÇMB: BAE-niň işewürleri $26,95 millionlyk karbamid satyn aldylar
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 102 müň dollaryndan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy