Türkmen elitasy yslama gujak açýarmy? (2-nji bölüm)

Türkmen elitasy yslama gujak açýarmy? (2-nji bölüm)

Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň bir aý mundan ozal efire berlen sany Türkmenistanyň syýasy we jemgyýetçilik giňişliginde ýoň bolup barýandygy aýdylýan yslam meýillerine nazar aýlamaga synanyşdy. Bu gepleşigiň giň okyjy we diňleýji köpçüligi tarapyndan okalandygyny we diňlenendigini nazarda tutup, Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany ýene bir gezek bu tema nazar aýlaýar.

Sözümiziň başynda bu tema boýunça has giňişleýin maglumat edinmek üçin 10-njy iýulda efire berlen “Türkmen elitasy yslama gujak açýarmy?” atly gepleşigimizi diňlemegi maslahat berýäris.

Ýatlasak, bu gepleşik mart aýynda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine girişen Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji daşary ýurt saparlaryna Mekge we Medine şäherlerine zyýarat bilen başlamagy, mukaddes Oraza aýynda ýüzlerçe bendiniň günäsini geçmegi hem-de ýurduň her welaýatynda täze metjitleriň gurluşygyna rugsat bermegi ýaly yslam dini bilen bagly kabul eden kararlaryny seljermäge synanyşdy. Şeýle-de, bu gepleşik ýurduň öňki döwlet ýolbaşçylarynyň yslam dinine çemeleşmelerine gysga nazar aýlady.

Türkmenistanyň döwlet metbugat serişdeleri döwlet baştutanlarynyň din bilen ilteşikli kabul edýän başlangyçlaryny we geçirýän çärelerini, şol sanda toý-sadakalaryny “ata-babalardan gelýän gadymy däp-dessurlary gorap saklamak” tagallalary bilen düşündirmäge synanyşýar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany din azatlygy boýunça aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawynda bolan Türkmenistanyň syýasy we jemgyýetçilik giňişliginde barha ýoň bolup barýandygy aýdylýan yslam meýillerine ýene bir gezek nazar aýlaýar. Biz mümkin bolan şeýle meýilleriň töweregindäki soraglara jogap gözläp, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallyny gepleşigimize çagyrdyk.

Ýene degişli makalalar

Köne we täze diasporalar: Mejbury migrasiýa, meýletin göçe-göçlük
Ýagşylykda, adamlary birleşdirmekde ýatlanýan ýazyjy
Magtymguly Pyragynyň eserleri 'gowgaly döwürde türkmenleriň ruhy dünýäsini ýagtyltdy'
Internetde köpelýän türkmen kitaplary 'ruhy açlygyň' boýun alynmagy hasaplanyp bilermi?
Pyragynyň şygyr dünýäsini aňlamaklyk: Sözüm aňlan ýok diýp, ümsüm oturma!’
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Dünýä türkmenleriniň 24-nji ynsanperwer duşuşygy dünýä türkmenleriniň meselelerini gozgamady’