Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmegiň Meýilnamasy taýýarlanyldy

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmegiň Meýilnamasy taýýarlanyldy

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işleriň Meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada 1-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew habar berdi.

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler hem-de düzümler bilen bilelikde işler alnyp barylýar.

Serhetýaka söwda zolagynyň işini halkara we sebit lomaý-bölek söwdasynyň häzirki zaman tejribelerine laýyklykda ýola goýmak göz öňünde tutulýar.Serhetýaka söwda zolagynyň meýdany we ýerleşjek ýeriniň çäkleri, şeýle hem söwda dükanlaryny, ammarlary, resmileşdiriş we gözegçilik nokatlaryny ýerleşdirmegiň çyzgylary babatda taslamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Bu ugurdaky işleri özbek tarapy bilen ylalaşmak maksady bilen, iki ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan işleriň Meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýere bu babatda tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Serhet çäklerini kesgitlemek boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek iş toparynyň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Daşkende iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Özbegistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy Dünýä ýaň salýan Magtymguly atly maslahat geçirdi
Türkmenistan bilen Özbegistan özara ýük daşamalary sanlylaşdyrdylar
Türkmen-özbek gümrük nokatlarynyň arasynda sanly TIR ulgamy synagdan geçirildi
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $263,4 milliona deň boldy