Türkmen talyplary Ukrainany terk etmegi dowam etdirýär

Türkmen talyplary Ukrainany terk etmegi dowam etdirýär

Ukrainada dowam edýän urşuň arasynda, beýleki bosgunlar bilen bir hatarda, türkmen talyplary ýurdy terk etmegi dowam etdirýärler.

Düýbi Bolgariýada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy Türkmen Helsinki gaznasynyň habaryna görä, 3-nji martda öýlän sagat 4 töwereklerinde birnäçe awtobus Ukrainadan bosgun getiripdir.Türk häkimiýetleri olaryň awtobuslar bilen Stambulyň howa menziline äkidilmegini guramalaşdyrypdyr.

Türkiýä getirilen bosgunlaryň arasynda 20 töweregi türkmenistanly student hem bar ekeni.THG olaryň pul ýetmezçiliginden kynçylyk çekýändiklerini habar berýär.Türkiýede tanyşlary bolan studentleriň birnäçesi bolsa wagtlaýyn şol ýerde galmagy saýlap alypdyr.

Şeýle-de, ynsan hukuklaryny goraýjy topar Ukrainany terk edip, Moldowa aşmagy başaran türkmenistanly studentleriň hem ýardama mätäçdigini habar berýär.

Garaşsyz turkmen.news neşiri Ukrainany terk eden bir topar türkmenistanlynyň Germaniýa çenli aşmagy başarandyklaryny habar berýär.

BMG-niň Bosgunlar boýunça agentligi 4-nji martda bir hepde bäri dowam edýän urşuň arasynda bir million adamyň Ukrainadan gaçmaga mejbur bolandygyny habar berdi.

Ukrainanyň şäherlerinde dowam edýän ýaragly çaknyşyklardan halas bolup, bosgun hökmünde goňşy ýurtlara aşmagy başaran türkmenistanly raýatlaryň wiza meseleleri barada Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky degişli wekilhanalary beýanat bermeýär.

“DW” neşiriniň habaryna görä, Ýewropa Bileleşigi ukrainaly bosgunlara üç ýyla çenli öz çäginde ýaşamaga we hatda işlemäge rugsat bermek isleýär. Ýöne Ukrainadan Polşa, Rumyniýa ýaly ÝB ýurtlaryna bosup çykan üçünji ýurduň raýatlarynyň ýaşaýyş rugsady bilen bagly meseleleri boýunça jikme-jik maglumat ýok.

Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň bir wekili 28-nji fewralda atlandyrylmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosynyň telefon jaňyna beren jogabynda Moldowanyň, Rumyniýanyň we Polşanyň türkmen raýatlaryndan wiza talap edýändigini, ýöne emele gelen ýagdaýlar sebäpli bu mesele boýunça degişli ýurtlara özleriniň nota ugradandyklaryny, olaryň bolsa ýardam etmäge razyçylyk berendigini gürrüň berdi.

Galyberse-de, Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň adyndan ýaňy-ýakynda açylan bir Twitter hasaby Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň türkmen raýatlarynyň Kiýewiň demirýol menzilinden ýurduň günbatar sebitlerine tarap äkidilmegini guramalaşdyrandygyny aýdýar.

"Bu raýatlaryň köpüsi eýýäm Polşanyň we Rumyniýanyň serhetlerinden geçdiler, galanlary ýakyn wagtda serhetlerden geçmäge taýýarlanýar" diýlip, Twitter hasabynda aýdylýar.

Ukrainany terk edýän bosgunlar esasan Polşa, Rumyniýa we Moldowa ýaly ýurtlara bosup çykýarlar.

“DW” neşiriniň habaryna görä, Polşa özüniň Ukraina bilen aradaky serhediniň çäginde 27 sany bosgun kabul ediş merkezlerini açypdyr. Uruşdan gaçan daşary ýurt raýatlarynyň köpüsi, neşiriň habaryna görä, wagtlaýyn şol ýerlerde galmaly bolýarlar. “DW” polýak neşirlerine salgylanyp, şu wagta çenli Ukrainany terk eden bosgunlaryň 10 göterim töwereginiň üçünji ýurduň raýatlardygyny habar berýär.

Azatlyk Radiosy urşuň arasynda galan türkmen raýatlarynyň krizisden özbaşdak çykalga gözleýändikleri barada yzygiderli habar berip gelýär. Bu habarlaryň yz ýany, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň türkmen studentlerine ýardam berip başlandygy habar berildi.

Russiýanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşy özüniň ikinji hepdesine girdi. Russiýanyň metbugaty rus goşunynyň 24-nji fewralda Ukraina başlan çozuşyny "ýörite harby operasiýa" atlandyrýar. Halkara jemgyýetçiligi Russiýanyň agressiw hereketlerini berk ýazgaryp, Ukraina goldaw beýan edýärler. BMG 2-nji martda Russiýanyň "Ukraina garşy agressiýasyny" berk ýazgarýan karary kabul etdi. Türkmenistan mejlise gatnaşmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Guterriş dünýädäki häzirki ýagdaýy dartgynly diýip häsiýetlendirdi
G20: Asyryň ortasyna çenli uglerod bitaraplygyny gazanmaly
Türkiýede tussag edilen türkmen aktiwistleriniň ýene biri boşadyldy
HRW türkmen aktiwistleriniň deportasiýasyny togtatmagy talap edip,Türkiýäniň hökümetine ýüzlendi
Türkiýede saklanan türkmen aktiwisti açlyk yglan etdi
Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine basyş artýar