Türkmen we özbek işewürleri bilelikdäki ulag kompaniýasyny döredip bilerler

Türkmen we özbek işewürleri bilelikdäki ulag kompaniýasyny döredip bilerler

Ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça penşenbe güni sanly ulgam arkaly türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda halkara ýük daşamalaryna gatnaşýan bilelikdäki ulag kompaniýasyny döretmek boýunça işewür toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) metbugat gullugynyň habaryna görä, ýygnaga iki ýurduň ulag edaralarynyň we olaryň bölümleriniň, gümrük gullugynyň hem-de beýleki pudaklaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda özbek tarapy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilýän uçar ýangyjyny göni satyn almak barada teklipleri berdi.

Şeýle hem, özbek tarapy “Uzbekistan Airways Technics” kompaniýasynyň bazasynda türkmen uçarlaryna tehniki hyzmat etmek we abatlmak işlerini we “Uzbekiston Temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň wagon abatlaýyş zawodynda bolsa wagonlaryň çatylýan ýerleriniň döwrebaplaşdyryş hem-de abatlaýyş işlerini guramagy teklip etdi.

Mundan başga-da, iki ýurduň wekiliýetleri “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman” halkara ulag we aragatnaşyk geçelgesini döretmek baradaky Aşgabat şertnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini güýçlendirmek boýunça çäreleri maslahatlaşdylar. Şeýle-de “Türkmenistan Awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dolandyrylýan uçar ugurlarynda ýük uçuşlaryny bilelikde ulanmak we türkmen howa gatnawlarynyň Özbegistana uçuşlarynyň amala aşyrylmagyny guramak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi babatyndaky meselelere seredilip geçildi.

Duşuşykda ýükleriň Özbegistandan üstaşyr daşalmagynda nyrh ýeňilliklerini bermek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

24.04.2018 | Türkmen-özbek işewürler maslahaty
Türkmen-özbek işewürler maslahaty
Eýran bilen Türkmenistan üstaşyr nyrhnamalary peseltmek boýunça ylalaşyk gazandy
Işewürlik-daýdžest: 31-nji oktýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Daşkentde YHG-niň ministrler duşuşygynda Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri tanyşdyryldy
Işewürlik daýžest: 24 — 30-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary