TÜRKMEN WEKILÝETINIŇ WÝETNAM HÖKÜMETINIŇ YKDYSADY TOPLUMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYKLARY

TÜRKMEN WEKILÝETINIŇ WÝETNAM HÖKÜMETINIŇ YKDYSADY TOPLUMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYKLARY

2022-nji ýylyň 28-nji iýunynda Hanoý şäherinde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýetiniň hem-de Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Gurluşyk we Senagat we söwda ministrlikleriniň ýolbaşçy topary bilen duşuşyklary geçirildi.

Gepleşigiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Taraplar iki döwletiň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de döwlet we hususy telekeçilikden maýa goýumlaryny çekmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Senagat, oba hojalygy, dokma, gurluşyk ýaly pudaklar we beýlekiler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde saýlanyp alyndy. Anyk ylalaşygy gazanmak boýunça iki döwletiň degişli pudak edaralarynyň arasyndaky hereketleri pugtalandyrmagy teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň, hususan-da gurluşyk ugry boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek boýunça tekliplerine seredildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Hoşimin Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-niň ILATLY NOKATLAR BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORYNYŇ WEZIPESINI WAGTLAÝYN ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi
TÜRKMEN WEKILIÝETI ÝÜPEK ÝOLUNYŇ MERJENI XV DAŞKENT KINOFESTIWALYNA GATNAŞÝAR
WATANYŇ WE HALKYŇ ÖŇÜNDE BITIRILEN AÝRATYN HYZMATLAR ÜÇIN DÖWLET SYLAGLARY
WENGRIÝADA TÜRKMEN ALYMLARY TARAPYNDAN MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI BARADA TÄZE TAPYLAN GOLÝAZMALAR
ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA DÜNÝÄ HALKLARYNYŇ MEDENIÝETLERINIŇ DIALOGY