1-nji iýulda geçirlen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler KabinetiniňBaşlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan agyz suwýataklaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. “Türkmengeologiýa” döwletkorporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyňçäklerinde, Amyderýanyň çep kenarynda, Boýrabat hem-de Berzeň akabalarynyň kenarynda ýerleşýänTürkmenabat meýdançasynda geçirilen gidrogeologik gözleg-barlag işleri netijesinde, umumy meýdany 130,8inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy we gorlary tassyklanyp, “Türkmenabat” ýerasty agyz suwýatagy diýlip hasaba alyndy.
Bu ýatagyň suw gory ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmägemümkinçilik berer.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki günde suw diplomatiýasynyň köp döwletleriň, şol sandaTürkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň görnüşihökmünde suw serişdeleriniň gorlaryny döretmek we täzeden dikeltmek, olardan oýlanyşykly hem-de rejelipeýdalanmak bilen bagly meseleler boýunça yzygiderli gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.