Türkmenawtoulaglary agentliginiň Awtomobil mekdepleriň birleşigi howply ýükleri daşamak boýunça okuwlary geçirýär

Türkmenawtoulaglary agentliginiň Awtomobil mekdepleriň birleşigi howply ýükleri daşamak boýunça okuwlary geçirýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda howply ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünleri babatdaky kararyna laýyklykda, awtoulag mekdeplerinde Howply ýükleri daşamak üçin sürüjileri taýýarlamak boýunça okuw Meýilnamasy we degişli maksatnama tassyklanyp, olaryň esasynda sürüjileri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlar geçirilýär.

Bu resminamada sürüjileri ýurduň çäginde we halkara ýük gatnawlarynda howply ýükleri daşamagyň düzgünlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu okuwlaryň esasy maksady sürüjileriň bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmek, hünär işlerinde zerur aýratynlyklary kesgitlemek we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda howply ýükleriň döwletiň çäginde, şeýle-de halkara derejesindäki awtoulag ýollarynda daşalmagyny amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda hem, Türkmenawtoulaglary agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi netijeli iş alyp barmak bilen, sürüjileri nazary we amaly sapaklaryň esasynda okuw işiniň çäginde howply ýükleri daşamagyň düzgünleri boýunça taýýarlaýar.

Jemleýji synag barlaglary bolsa sürüjileriň bilim maksatnamalaryny özleşdirmeklerine we olaryň bilim derejesine baha berýär. Synagdan geçenler bolsa degişli tertipde resminamalar üpjün edilýär.

Howply ýükleri daşamakda ulaglaryň sürüjileri şu düzgünleri bilmelidirler we olary berjaý etmelidirler:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
1-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Hindistan Raketa Synagyny Geçirdi
Dron bilen poçta gatnadylar
Kiçijik hekaýatlar
Giriş synaglaryna badalga berildi