Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekilleri Koreýa Respublikasynda iş saparynda boldular

Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekilleri Koreýa Respublikasynda iş saparynda boldular

Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlaryny öwreniş ylmy-barlag instituty (KOMERI) bilen Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň arasynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde, Koreý tarapynyň çagyrmasy esasynda, 15 — 24-nji ýanwar aralygynda Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekilleri Koreýa Respublikasynyň Busan şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.

Iş saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gämi gurluşygy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanşykly birnäçe çärelere gatnaşyldy. Bu barada Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Saparyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlaryny öwreniş ylmy-barlag institutynyň (KOMERI) wekilleri bilen duşuşyk geçirilip, duşuşykda gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Deňiz enjamlaryny öwreniş ylmy-barlag institutynyň (KOMERI) sebit merkezlerine sapar guraldy. Ol ýerde deňiz enjamlarynyň hili, olaryň dürli şertlere çydamlylygy barlagdan geçirilişi bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de türkmen wekiliýeti DSME (Daewoo Shipbuilding & Marine Engineering) gämi gurluşyk zawodynda gämi gurluşygynyň alnyp barylyşy bilen ýerinde tanyşdyryldy.DSME gämi gurluşyk zawody Koreýa Respublikasynyň iň iri gämi gurluşyk zawodlarynyň biri bolup, ol ýerde dürli görnüşdäki we göwrümdäki gämiler gurulýar.

DSME gämi gurluşyk zawody 1973-nji ýylda esaslandyrylyp, zawodda dürli görnüşli gämiler, gury ýük gämileri, paromlar, konteýner daşaýan gämiler, tankerler gurulýar.Zawodda gämiler gurulanda olaryň her bölekleri aýratynlykda gurulyp, oturdylmaly enjamlar ýerleşdirilenden soňra bölekler birleşdirilýär we gämi emele getirilýär.

Bu tejribe Koreýa Respublikasynda döredilip, häzirki wagtda dünýäde gämi gurluşyk pudagynda giňden ulanylýar.

Iş saparynyň barşynda türkmen wekiliýeti tarapyndan Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody barada tanyşlyk geçirildi.

Koreýa iş saparynyň çäklerinde Movena maslahat beriş kompaniýasynyň wekilleri bilen hem duşuşyk boldy. Duşuşykda Movena maslahat beriş kompaniýasynyň wekilleri Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody barada bar bolan maglumatlary içgin seljerendiklerini we zawodda gämi gurluşygyny ýola goýmakda we gämi gurluşygyny dolandyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny habar berdiler.

Iş saparynyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gämi gurluşygynda hünärmenleri taýýarlamakda, zawodyň önümçiligini kämilleşdirmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ygrardyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Туркменистан и Франция развивают партнерство в области транспорта и связи
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
"Agaýana" DSP-leriň 1320 kub metrini eksport etdi
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
Fotoenjam kim, haçan oýlap tapdy?
Alekseý Teksler Aşgabatdaky Günorta Uralyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi
Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy