"Türkmenhowaýollary" agentligi ilkinji gezek "Airbus A330-200F" kysymly ýük uçary bilen doldurylar

"Türkmenhowaýollary" agentligi ilkinji gezek "Airbus A330-200F" kysymly ýük uçary bilen doldurylar

Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda 2078 belgili “A330-200F” kysymly “P2F” görnüşli iki sany ýük howa gämisini satyn almak barada Karara gol çekdi.

Şunuň netijesinde, 2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenhowaýollary agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda D.R.Saburow, Türkmenhowaýollary agentliginiň başlygy, hem-de Pol Meýers, “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň Lizing, müşderi maliýeleşdirmek we aktiwler ugry boýunça ýolbaşçysy iki sany “A330-200F” kysymly “P2F” görnüşli ýük howa gämisini satyn almak barada Şertnama gol çekdiler.

Ýokary hilli “A330-200F” kysymly P2F modifikasiýaly ýük howa gämileri 59 tonna çenli ýük daşap, 7400 kilometre çenli uzaklyga uçup bilýärler.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystany, Arap-Yslam sammitine Ýer Eýeçiligini Eder
Dünýäniň iň uly öküzi
Soňky 100 Ýylda Türkiýe Sebitleýin we Global Derejede Güýçli Pozisiýa Eýeleýär
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň itşynaslaryny, olaryň janköýerlerini we bagtyýar halkymyzy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady
Klaudiýa Goldin Nobel Ykdysadyýet Baýragynyň Eýesi Boldy