Türkmenistan amala aşyrylýan elektrik taslamalary üçin daşary ýurt kompaniýalaryndan enjamlary satyn alar

Türkmenistan amala aşyrylýan elektrik taslamalary üçin daşary ýurt kompaniýalaryndan enjamlary satyn alar

Türkmenistanyň elektrik energetika pudagy döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna sowgat hökmünde Ahal ― Balkan hem-de Balkan ― Daşoguz welaýatlarynyň arasynda gurluşygy alnyp barylýan halkalaýyn elektrik ulgamynyň we podstansiýalar toplumynyň Ahal ― Balkan aralygynyň birinji tapgyryny ulanmaga tabşyrmagy meýilleşdirýär.

Wise-premýer Ş.Durdulyýew goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, serişdeleri we awtomobil tehnikalaryny satyn almak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1619-njy Kararyna laýyklykda, Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada baglaşan şertnamalaryna ýurdumyzyň energoulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen wekiliýeti Brýusselde birnäçe duşuşyk geçirdi
Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen Üznüksiz çeşme hojalyk jemgyýetini dörediler
Türkmenistanyň döredijilik kuwwaty — halkymyzyň...
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine...
Türkmenistan Russiýadan uçuşlaryň petekleriniň onlaýn satuwyny manatda ýola goýdy, Bilanyň konserti 8 müň tomaşaçyny bir ýere jemledi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamasynyň möhletini uzaltdy we beýleki habarlar
Elektrik üpjünçiligi boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi