Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazardaky “Dostluk” ýatagynda bilelikde iş alyp bararlar

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazardaky “Dostluk” ýatagynda bilelikde iş alyp bararlar

Nebitgaz gorlaryna baý Hazar deňziniň gündogar we günbatar kenarlaryny gurşap oturan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar deňizdäki ägirt uly ýangyç ýatagynda bilelikde iş alyp barmak boýunça gol çekilen resminama bilen täze derejä çykdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew penşenbe güni iki ýurduň baş diplomatlarynyň gollary goýlan Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyny taryhy resminama hökmünde häsiýetlendirdiler.

Gol çekişlik dabarasyna onlaýn gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu Ähtnamanyň iki ýurduň ençeme ýyllaryň dowamynda alyp baran işleriniň netijesidigini aýtdy. Türkmen Lideri munuň ýangyja baý iki döwletiň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi we Hazar deňzi sebitinde durnukly energiýa çeşmelerini özleşdirmek üçin göwnejaý şertleri döretmegi maksat edinýändigini nygtady.

Dabarada Bakuwdan teleköpri arkaly çykyş eden Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew iki ýurduň öz-özüni doly üpjün edip bilýändigini belledi. “Biziň ýurtlarymyz özüni doly üpjün edýän döwletlerdir.Olar halkara karz serişdelerine hem-de daşary ýurtlaryň haýsydyr bir görnüşdäki täsirine we kömegine garaşly däldirler.

Olar öz milli, ahlak we ruhy ýörelgelerine ygrarlydyrlar.Munuň özi biziň öňe gitmegimiziň ygtybarly binýadydyr” diýip, dostlukly döwletiň baştutany nygtady.

Azerbaýjanyň SOCAR nebitgaz kompaniýasynyň wekili Ibragim Ahmadow “Trend” habar agentligine beren beýanatynda bu nebit we gaz ýatagynyň gorlarynyň döwrebap seýsmiki usullar bilen we, belki-de, gözleg-burawlaýyş arkaly anyklanyp bilinjekdigini aýtdy. Ol gol çekilen Ähtnamanyň nebit we gaz ýatagynyň geljekdäki özleşdiriş işleri bilen bagly birnäçe tehniki we täjirçilik ugurlaryny kesgitlemek ugrunda ilkinji ädim bolandygyny belledi.

“Biziň ýurtlarymyzyň arasynda nebit we gaz senagaty boýunça gatnaşyklary ösdürmäge uly mümkinçilikler bar. Şeýlelikde, biziň bilelikdäki taslamamyzyň täze ady bolan “Dostluk” simwoliki ähmiýete eýedir” diýip, Ahmadow aýtdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi “Dostluk” ýatagy boýunça Aşgabat bilen Bakuwyň arasynda gazanylan ylalaşyga ýokary baha berdi. “Bu ylalaşygyň Türkiýäniň we Ýewropanyň galan böleginiň energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrjak taslamalara ýol açjakdygyna umyt bildirýäris” diýlip, Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň beýanatynda aýdylýar.

2018-nji ýylyň awgust aýynda bäş Hazarýaka döwletleri bolan Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň ýolbaşçylarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekmegi Hazar deňzinde energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrypdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gaz ibermegi 'wagtlaýyn' bes etdi. Näme üçin?
Türkmenistandan Azerbaýjana elektrik energiýasyny eksport etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Dostluk ýatagyny bilelikde ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr geçiren nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
“SOCAR Trading” Türkmenistanyň nebiti we gazy Halkara maslahatynyň hyzmatdaşy boldy
SOCAR bilen Ýewropa Bileleşigi TANAP we TAP-yň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar