Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň wekilleriniň arasynda geňeşmeler

Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň wekilleriniň arasynda geňeşmeler

Türkmeniň Ykdysadyýet we senagat ministrliginiň we Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri wideo konferensiýada Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, gepleşiklerde saglyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça hasaplanan ykdysady meýilnamalary we bilelikdäki taslamalary, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli strategiki hyzmatdaşlygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmeniň Ykdysadyýet we senagat ministrliginiň wekilleri ýurduň Aziýa Ösüş Banky bilen energiýa, ulag we söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ýeňilleşdirmäge doly taýýardygyny mälim etdiler.

Aziýanyň Ösüş Bankynyň kontinentdäki ykdysady ösüşi höweslendirmek we ýurtlaryndaky maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen döredilendigini bellemelidiris.

Ýene degişli makalalar

Berlinde türkmen-german işewürlik forumy geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Maryda Orsýetden gaýdyp gelýän zähmet migrantlary köpelýär
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
BAE-de türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe resminama gol çekildi
Balkan: Gara bazarda dollar, dükanlarda harytlar gymmatlaýar