Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, gazagystan tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Konuspaýew ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça pikir alşyldy we iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatiki gatnaşyklaryň derejesine hem-de ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seredilip geçildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda ýokary derejedäki saparlaryň esasy ornuny bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet sapary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem şu ýylyň oktýabr aýynyň dowamynda Gazagystanda geçiriljek möhüm halkara çäreleri gurnamak hem-de olara taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň 5-nji oktýabrynda bellenilýän ähmiýetli sene - Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň wajypdygy nygtaldy.

Halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada aýratyn bellenildi.

Diplomatlar sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde taraplaryň özara taýýardyklaryny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda Çolpan-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň IV Konsultatiw duşuşygynyň hem-de Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Başutanlarynyň VI Sammitiniň wajyp ähmiýeti barada nygtaldy.

Şeýle hem bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilige eýe bolan söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçilikelrine seredilip geçildi.

Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna hem jikme-jik seredip geçdiler. Ylym, bilim, saglygy goraýyş ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna täze agzalar goşuldy
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň Täjigistanda geçiriljek duşuşygy boýunça maslahat geçirildi
Şawkat Mirziýoýewden Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk haty geldi
Ärdogan Türkmenbaşy şäherinde gol çekilen resminamany tassyklady
Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri atly duşuşyk geçirildi
Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw toparyny döredýär
Türkmen, türk we azeri liderleri Awazada duşuşdy