Türkmenistan COVID-19 garşy göreş üçin $1 million alar, emma ilata maska dakynmagy gadagan edýär we sport çärelerini gurnaýar

Türkmenistan COVID-19 garşy göreş üçin $1 million alar, emma ilata maska dakynmagy gadagan edýär we sport çärelerini gurnaýar

Global koronawirus pandemiýasynyň fonunda Türkmenistanyň häkimiýetleri mekdeplerde dynç alyşy uzaltmazlygy karar etdiler, ilata maska geýip infeksiýadan goranmagy gadagan etdiler we müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky sport çärelerini planlaşdyrdylar. Şol bir wagtda-da Türkmenistan COVID-19 keselinden goranmak üçin ABŞ-dan 1 million amerikan dollary çemesi möçberde pula ene bolar.

ABŞ Türkmenistana COVID-19 goranmak üçin medisina kömegi görnüşinde 920 müňden gowrak amerikan dollaryny çykardylar. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň websaýtynda habar berilýär. Bu pul laboratoriýa sistemalaryny taýýarlamak üçin goldaw, keselçilikli ýagdaýlary gözläp tapmagy we epidemik gözegçiligini aktiwleşdirmek, çäre görmek üçin tehniki bilermenleri taýýarlamak we taýýarlygy üpjün etmek, töwekgelçilikler barada habar bermek ýaly maksatlar üçin niýetlenýär.

Ilçihananyň maglumatynda şu wagt Türkmenistanyň hökümetiniň COVID-19 bilen kesellänleri resmi taýdan boýun almandygy we belki-de, ýokaşanlaryň anyklanan ýagdaýynda-da muny boýun almaga meýil etmeýändigi bellenýär.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda koronawirusyň bolmagynyň hatda mümkinçiligini hem ret edýär. Şol bir wagtda-da, ýurt resmileri keseliň profilaktikasynyň zerurlygyny agzamak bilen bilelikde köp adamyň gatnaşmagyndaky çäreleri gurnaýar, ilata infeksiýadan goranmak üçin medisina maskalary dakynmagy gadagan edýär we mekdeplerde okuw prosesini dowam etdirýär.

7-nji aprelde Türkmen döwlet habarlar gullugy ТDH, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanda köp sanly tomaşaly çäreleriň, şol sanda ýurduň ähli welaýatlaryny gurşap alýan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçiljegini yglan etdi. Häkimiýetleriň 7-nji aprele planlaşdyran ýörişine 3500 adamyň gatnaşjagy aýdylypdy.

Mundan öň Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramazlygy üçin serhetleri ýapmak, haklara ýükleriň gatnawyny ýatyrmak, ilatyň ýurt içindäki hereketini çäklendirmek ýaly düýpli çäreleriň dowamynda ýurt resmileri aga ekmek üçin ýowar geçirdiler. Köpçülikleýin ýöriş üçin welosipedleri we bag ekişlik üçin nahal satyn almak maksady bilen ýylyň başyndan bäri býujet işgärlerinden pul toplanypdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri COVID-19 bilen bagly ýagdaý barada dymmagyndan daşary öz ilatyna maska geýip, infeksiýadan goranmagy gadagan edýärler, ilaty yzarlaýarlar we dermanhanalara adamlara maska satmagy gadagan edýärler.

"Lebapda hususy we döwlet dermanhanalara ýönekeý raýatlara maska satmagy gadagan etdiler.Gadagançylygy bozanlara jerime salynýar.Ilata maska dakynmagy gadagan edýärler.Maska dakynanlary panika döretmekde aýyplap, birinji gezek 200 manat, ikinji gezek 2000 manat jerime töledýärler ýa-da 10 günlük tussag edýärler"- diýip, habarçymyz 7-nji aprelde habar berdi.

Onuň sözlerine görä, etraplarda polisiýa köçelerde maskaly ýören adamlary yzarlap tutmak boýunça işlerini güýçlendirdi.

Türkmenistanyň mekdeplerinde okuw dowam etdirildi. Ýurtda koronawirusa garşy çäre görmek sebäpli mekdep kanikullary 6-njy aprele çenli bir hepde uzaldylypdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirus temasyny halamaýar we ilaty koronawirus barada gürrüň üçin yzarlaýar. Şol bir wagtda-da ýurtda ýörine karantin zonalary işleýär. COVID-19 keseli bolmakda güman edilýän adamlar hususan-da Türkmenabadyň we Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanalarynda saklanýar.

Soňky günlerde Türkmenistanda COVID-19 bejermek üçin keselhanalar taýýarlanýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasyndaky ýagdaýdan habarly ygtybarly çeşmeleri ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň ençemesiniň bardygy habar berdiler. Soňky bir aýa golaý wagtyň dowamynda paýtagtda, Balkanabatda, Eýran bilen serhetdeş Etrek etrabynda we Azerbaýjandan Türkmenistana baran gämide COVID-19 bilen kesellänleriň tapylandygy mälim boldy.

Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň saglygy saklaýyş sistemasynyň üstünlikli ösýändigini yglan edýändigine garamazdan, ýurduň saglygy saklaýyşy halkara standartlaryna gabat gelmeýär. Üstesine medisina hyzmatlary ilat köpçüligine elýeterli däl. Medisina hyzmatlarynyň tölegli bolmagyna garamazdan, giňden ýaýran parahorluk hem saklanýar. Medisina hyzmatlarynyň pesligi we derman gytçylygy Türkmenistanyň ilatyny saglygyny bejermek üçin daşary ýurtlara gitmäge mejbur edýär.

Türkmenistan ýurtdaky keselçilik derejesini we saglygy saklaýyş pudagyndaky ýagdaýy görkezýän resmi statistikany çap etmeýär.

Türkmenistanyň COVID-19-dan goranmagy üçin tas 1 million amerikan dollar çykaran ABŞ soňky 20 ýylyň dowamynda Türkmenistana ykdysady kömek üçin 200 milliondan gowrak, şol sanda diňe bir saglygy saklaýyş pudagyna 21 million dollar sarp edipdir. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň 6-njy aprelde çap eden maglumatynda aýdylýar.

Şeýle-de, ilçihana öz raýatlaryny Türkmenistandan alyp gitmek üçin ýörite uçar taýýarlaýar.ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi websaýtynda 5-nji aprelde çap bolan maglumatda 9-njy aprelde Türkmenabadyň halkara aeroportundan Parižiň Şarl de Gol aeroportunda çarter uçarynyň ugrajakdygy we onuň soň ABŞ ugrajakdygy habar berilýär.

Magluma görä, Bouygyes tarapyndan amala aşyryljak uçar gatnaynyň bileti 2000 amerikan dollaryna durýar we onuň bahasyna Aşgabatdan Türkmenabada uçaryň bahasy hem girýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Welaýat keselhanalary pulsuz hassalary hem paýtagta ugradýarlar
COVID-19 alamatlary bolan ýaş näsaglara pnewmoniýa, garrylara ýürek ýetmezçiligi diagnozy goýulýar
Krizis Türkmenistanda iň ejizlere urgy bolýar
COVID-19: Aşgabatda býujet işgärleri öz hasabyna medisina barlagyndan geçirilýär
Türkmenistan: Koronawirusdan ölenler daňdan jaýlanýar, häkimiýetler saglyk işgärlerine basyş edýär
Türkmenistanda orta mekdeplerden okuwçylaryň ahlak terbiýesine üns bermek talap edildi. Sebäp näme?