Türkmenistan ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän dünýädäki ikinji ýurt diýip, World Prison Brief internet neşiriniň sanawynda bellenilýär.
Sanawda iň köp tussagly ýurtlaryň bäşliginiň başyny ABŞ, Türkmenistan, El Salwador, Rwanda we Kuba çekýär. Türkmenistana türme ilatynyň görkezijisi boýunça 576 bal berlipdir.
Türkmenistan türmelerinde saklanýan bendileriň, sud edilýän we boşadylýan adamlaryň sanyny çap etmeýär. Türkmenistanda tussaglaryň ýitirim edilmegi problemasy hem saklanyp galýar.
Şu ýylyň fewralynda Merkezi Aziýa boýunça analitiki merkeziň çeşmesi häzir türkmen türmelerinde 35 müňe ýakyn tussagyň saklanylýandygyny, munuň ýurtda bendiler üçin niýetlenen türmeleriň kabul edip biljeginden üç esse kändigini aýdypdy.
Hukuk guramalarynyň çagyryşlaryna garamazdan, türkmen türmeleri halkara gözegçileriniň, garaşsyz synçylaryň baryp we görüp bilmeýän ýerleri bolmagynda galýar.
Halkara hukuk guramalarynyň hasabatlarynda aýdylmagyna görä, Türkmenistan ýöňkelýän günäni boýun aldyrmak, adamy özüne we başgalara garşy görkezme bermäge mejbur etmek üçin ulanylýan ýowuz gynag, basyş praktikalarynyň iň giň ulanylýan ýurtlarynyň biri bolup durýar. Azatlyk Radiosy türkmen türmelerinde bendileriň gynamalara sezewar edilýändigi barada hem maglumatlary beripdi.
Adam hukuklary boýunça geçirilýän halkara ýygnaklarda türkmen resmileri Türkmenistanyň türmelerinde tussaglaryň gynalmaýandygyny olara wagtly-wagtynda nahar berlip, olaryň saglygyna seredilýändigini öňe sürýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.