Türkmenistan "Ekspo-2030-y" kabul etmek üçin Saud Arabystanynyň dalaşgärligini goldady

Türkmenistan "Ekspo-2030-y" kabul etmek üçin Saud Arabystanynyň dalaşgärligini goldady

23-nji iýunda Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimi boýunça hem-de sebit we halkara gün tertibi bilen bagly pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň Merkezi Aziýada hem-de Ýakyn Gündogarda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge oňyn goşant goşýandyklary, ählumumy hereketleriň kadalaşdyrylmagyna we durnuklylaşdyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli we öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýandyklary bellenildi.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik gepleşikleri, dünýä syýasatynyň wajyp meselelerine çemeleşmäniň ugurlaryny kesgitlemek bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi ylalaşdylar.Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň orunbasaryna Türkmenistanyň “EKSPO-2030” Bütindünýä sergisiniň geçirilýän ýeri hökmünde Saud Arabystanynyň dalaşgärligini goldamak barada çözgüde gelendigini we bu ählumumy çärä taýýarlyk görmek bilen bagly ýardamlary berjekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Raşid Meredow Saud Arabystanynyň maýa goýum ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti “AADHGMerkezi Aziýa” Strategik dialogyň Ministrler duşuşygyna gatnaşdy
Türkiye energiýa taýdan baý ýurtlar üçin näme sebäpli möhüm?
Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar