Türkmenistan FAO bilen Türkiýäniň ýardam bermeginde azyk galyndylaryny azaltmakçy

Türkmenistan FAO bilen Türkiýäniň ýardam bermeginde azyk galyndylaryny azaltmakçy

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen Türkiýäniň ýardam bermeginde azyk galyndylaryny azaltmagy maksat edinýär. Bu barada FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusunyň aýdanlaryna salgylanyp, "Trend" agentligi penşenbe güni habar berdi.

Wiorel Gusu Türkmenistanyň 2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda FAO-Türkiye Azyk we Oba hojalygy Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (FTPP II) çäginde durmuşa geçirilýän üç sebit taslamalaryny resmi taýdan goldaýandygyny aýtdy.

FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysynyň aýtmagyna görä, bu taslamalaryň biri hem syýasy, maýa goýum we strategiki maksatnamalary milli we sebit derejesinde durmuşa geçirmek arkaly azyk ýitgilerini we galyndylaryny azaltmagy, önümçilikde hem-de bölek satuwda azyk ýitgilerini azaltmagyň ýollary boýunça tejribeleri paýlaşmagy, şeýle hem sarp edijileriň arasynda bu ugurda habarlylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Wiorel Gusunyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda Türkmenistanda esasan azyk ýitgileri we galyndylary boýunça önümçilik zynjyrynda iş alyp baryjylardan sorag-jogap alyşylýar hem-de meýdan gözegçilikleri geçirilýär. Şeýle hem azyk ýitgileriniň we galyndylaryň öňüni almak we dolandyrmak bilen baglanyşykly milli kanunçylygyň seljerilmesi alnyp barylýar.

Türkmenistan BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasyna 1995-nji ýylda agza boldy. Şondan bäri hem Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösýär. Birnäçe ýyllaryň dowamynda FAO-nyň tehniki goldawy milli mümkinçiligi ýokarlandyrmak we daşky gurşawy goramak meselesine has köp üns bermek bilen azyk howpsuzlygy, oba hojalygy we oba ösüşi bilen baglanyşykly köp ugurlary öz içine aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilhanasy açylar
Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy
Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk
Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
FAO tarapyndan topragy, suwy we ösümlikleri çalt seljermek üçin enjamlar toplumy satyn alyndy
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Awazada Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi